SIZDEN GELENLER

Bütindünýä saglyk güni we Türkmenistan!

Bütindünýä saglyk güni adamzadyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, dünýä halklaryny agzybirlige alyp barýan, milletleriň dost-doganlyga bolan synmaz söýgüsini aňladýan baýramçylykdyr. Sport dostlugyň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň netijeli gurallarynyň biri bolmak bilen, adamzadyň gönümel ýaşaýyş-durmuş şertlerine täsir edýän işjeňligi aňladýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini ýola goýmaklykda, özüňe ynam döretmekde bedenterbiýe we sportuň ynsan üçin aýratyn uly orny bardyr. Yzygiderli sport bilen meşgullanýan adam elmydama ruhubelent we sagdyn bolýar.

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, sporty ösdürmek, ruhy we beden taýdan kämil şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmekde döwletimiz tarapyndan giň gerim berilýän döwlet syýasatymyz alnyp barylýar. Indi adata öwrülen her ýylyň aprel aýyny döwlet derjesinde «sport aýlygy» diýip belläp geçýän halkymyz, bu ýyl hem şol asylly däbe eýeren ýagdaýda sport baýramçylygyny giňden belleýär. Bu aýda raýatlaryň ähli ýaşdaky toparlary, aýratyn hem çagalar, ýetginjekler, ýaşlar işjeň gatnaşýarlar. Hormatly Prezidentimiz halkyň saglygyny saklamagyň, dürli hili keselleriň öňüni almagyň, olaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň sagdyn we ruhy taýdan güýçli nesilleri ýetişdirmegiň iň gowy serişdesi hökmünde sport-sagaldyş hereketine aýratyn üns berip, täze umumadamzat ähmiýetli başlyngyçlary öňe sürýär we köpçülikleýin sport-sagaldyş çärelerine badalga berýär. Sözümiziň subudy hökmünde ýaňy-ýakynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen bilen kabul edilen «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasyny görkezmek bolar. Bu syýasy ýeňiş ata Watanymyz üçin indi sport äleminde birinji başlangyç däl, ýadyňyzda bolsa Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda aprel aýynyň 12-ne BMG-nyň Baş Assembleýasynyň 72-nji sessiýasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä  welosiped güni» diýip belläp geçmek hakyndaky rezolýusiýanyň awtory bolup  çykyş etmegi hem bu şanly wakanyň başlangyjy bolup durýar. 2019-njy ýylyň iýun aýynyň 1-ne Ak Mermere bürenen, edebiýatlarda  «Aşyklaryň şäheri » hökmünde taryplanýan gözel paýtagtymyzda 2019 sany welosipedçi biri-birinden deň aradaşlykda bir hatar bolup Aşgabadyň Olimpiýa  şäherjiginiň daşyndan 3300 metr aralygy geçip, bu ugurda iň uzak dowam eden welosiped ýörişi diýlip Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazga alyndy.  Bu bolsa döwlet syýasatynyň  ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça  maksatnamalaýyn strategiýanyň uly üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky  subutnamasyna öwrüldi.

Welosiped sürmek we ondan yzygiderli peýdalanmak adamyň bedeninde işjeňligi artdyrýar. Galyberse-de, häzirki wagtda dünýä halklarynyň giňden ulanýan  transport serişdesine öwrülen bu sportuň görnüşi amatly daşky gurşawa bolan zyýansyz täsiri,  ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Iri baýramçylyk çäresi hasaplanylýan «Bütindünýä welosiped  güni» sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary, amatly ulag serişdesi we gündelik  işjeňlik hereketiň giňden ýaýbaňlanmagynyň nyşanasydyr. Garaşsyz, hemişelik  Bitarap Türkmenistan bolsa şeýle oňyn netijeli we uly ähmiýete eýe bolan sport  baýramçylygyny esaslandyryjy bolup çykyş etmegi agzybir türkmen halkymyzyň  kalbyny has-da guwandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň hukuk binýady üpjün edilýär. Muňa mysal edip, «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Professional sport hakynda», «Meýletinçiler hakynda», «Sportda dopinge garşy göreş hakynda», «Atçylyk we atçylyk sport ýaryşlary baradaky» we «Döwlet ýaşlar syýasaty baradaky» Türkmenistanyň kanunlaryny, galyberse-de «Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllar aralagynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynyň» kabul edilmegini görkezmek bolar. Bu hukuknamalaryň kabul edilmegi ilki raýatlarymyzyň «sagdyn bedende – sagdyn ruh» diýen ýörelgäni işjeň ösdürmäge ýardam berýär, galyberse-de ýaşlaryň yzygiderli sport bilen meşgullanmaklaryna, dünýä sport arenasynda türkmen baýdagyny al-asmanda partlatjak meşhur türgenleri ösdürip, taýýarlamaga giň mümkinçilikleri berer.

Bize şeýle sagdyn jemgyýetde ýaşamaga, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan umumadamzat ähmiýetli başlyngyçlarynda rowaçlyklary arzuw edýäris!

Batyr Allabaýewiç Ilamanow

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň

  hukuk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby          

Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika