DÜNÝÄ

Buharestde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Magtymguly Pyragy-türkmen mugallymy, dünýäniň akyldary we şahyry” atly halkara maslahat we 25-nji fewrala çenli Rumyniýanyň Milli kitaphanasynda dowam etjek şahyryň döredijiligine bagyşlanan sergi gurady.

Maslahata Parlementiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Ylymlar akademiýasynyň, muzeýleriň, söwda we senagat palatalarynyň wekilleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Rumyniýanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdy.

Çykyş edenler şahyryň döredijiliginiň türkmen diliniň we edebiýatynyň ösüşine täsiri, türkmen halkynyň milli özboluşlylygy we döwletliligi, şeýle hem ähliumumy ruhy gymmatlyklaryň hazynasyna goşan goşandy barada söhbet etdiler.

Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragy hakynda we Rumyniýanyň Milli Telewideniýesi tarapyndan taýýarlanan Türkmenistan barada dokumental film görkezildi. Şeýle hem, talyplar dürli dillerde türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň goşgularyny okadylar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri