SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG Hytaý sanjymyny tassyklaýar

     Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Hytaýyň “Sinofarm” sanjymyny gyssagly ulanmak üçin maslahat berilýän sanjymlaryň sanawyna goşdy. Bu bolsa Pekiniň biologiki önümleriniň bioinstituty tarapyndan öndürilýän sanjymyň 18 ýaşdan uly adamlar üçin ulanyp boljakdygynyň bütin dünýäde tassyklanýandygyny aňladýar.

Muňa garamazdan, Hytaý waksinasy Hytaýda we beýleki ýurtlarda eýýäm birnäçe million adama sanjym edildi. Şeýle-de ulanylyşy birnäçe Afrika, Aziýa we Latyn Amerikasy döwletleriniň hökümetleri tarapyndan tassyklandy.

“Pfizer”, “AstraZeneca / BioNTech”, “Johnson & Johnson” we “Moderna” sanjymlary ozal bu gurama tarapyndan tassyklanylypdy. “Sinowak” sanjymy barada bolsa BSGG ýakyn günlerde karara geler diýlip garaşylýar we Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyna henizem baha berilýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hünärmenleri “Sinofarm” sanjymyny tassyklamazdan ozal, öndürilen barlaghanalary gözden geçirdiler. Şeýle-de bu sanjymyň tassyklanmagy waksinany satyn almaga ýagdaýy bolmadyk ýurtlaryň sanjymy “Covax” mehanizmi arkaly mugt ulanylyp bilinjekdigini aňladýar.

 

Awtoulag sürüjilerinden «075» hyzmatyna uly gyzyklanma

 

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi