SPORT

Braziliýa 15-nji gezek dünýä çempiony boldy

Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen plýaž futboly boýunça dünýä çempionatynyň finalynda Braziliýanyň ýygyndysy bilen Italiýanyň ýygyndysy duşuşdy. Duşuşykda 6:4 hasabynda üstün çykan Braziliýanyň ýygyndysy 15-nji gezek dünýä çempiony boldy.

Plýaž futboly boýunça dünýä çempionatynda Portugaliýa we Russiýa 3 gezek çempion boldy. Fransiýanyň 1 sany çempionlygy bar. Russiýanyň ýygyndysy plýaž futboly boýunça dünýä çempionatynyň soňky çempionydyr.

Dünýä çempionatynyň bürünç medalyny Eýrany ýygyndysy eýeläp, 3-nji ýer üçin duşuşykda Belarusy 6:1 hasabynda utmagy başardylar.

Plýaž futboly boýunça dünýä çempionaty 1995-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. 2005-nji ýyla çenli bu ýaryş “Beach Soccer Worldwide” howandarlygynda geçirildi. Braziller 1995-2000-nji ýyllar aralygynda 6 ýyl yzly-yzyna çempion boldy. 2002-2004-nji ýyllarda hem ýene-de braziller altyn medalyň eýeleri boldular.

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy