DÜNÝÄ

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebitleýin direktorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabat şäherinde iş sapary bilen bolýan BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň agza ýurtlary boýunça býurosynyň sebitleýin direktory Iwana Žiwkowiç bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýeti bellenildi. Bu babatynda Türkmenistanyň hökümeti bilen guramanyň arasynda 27 taslamanyň amala aşyrylýanlygy aýratyn nygtaldy. Bu taslamalaryň agalabasy ýurdumyzyň hökümetiniň ýakyndan ýardam bermeginde durmuşa geçirilýär.

Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň derejesiniň ýokarlanýandygyny bellediler. Bu ilkinji nobatda saglygy goraýyş ulgamyndaky işlere degişli bolup, ýakynda degişli ugur boýunça iki taslamany amala aşyrmak boýunça ylalaşyklara gol çekildi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň sanly ulgama geçmek boýunça işlerine ýoka baha berip, degişli ugur boýunça hyzmatdalygyň işjeň alnyp barylýanlygyny nygtady. Şeýle-de, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň täze ugurlarynyň üstünde durulyp geçildi.

Şunuň bilen birlikde, taraplar Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda guramasyna girmek boýunça meselede goldanylmagynyň dowam etdirilmegi babatynda hem pikir alyşdylar.

Duşuşykda R. Meredow BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren halkara başlangyçlary hem-de ýurdumyzyň goşulan halkara resminamalary barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy olary durmuşa geçirmek boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysyna bilelikdäki işleri amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri