MEDENIÝET

«Binýat» atly filmiň ilkinji görkezilişi boldy

«Aşgabat» kinoteatrynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Binýat» atly filmiň ilkinji görkezilişi boldy. Filmi ilkinji gezek tomaşa etmäge köp adam ýygnandy.

Tomaşaçylar filmiň döredilmegine goşant goşan sungat işgärleri bilen söhbetdeş bolmaga mümkinçilik aldylar. Annadurdy Täşliýewiň režissýorlyk etmeginde düşürilen filmde ýaş binagär talyplaryň durmuşy, döredijiligi hakynda giňişleýin söhbet açylýar.

Film Annadurdy Täşliýewiň ilkinji uly göwrümli ekran eseridir. Filmiň çeper ýolbaşçysy bolup, Arslan Eýeberdiýew çykyş edýär.

Filmiň baş gahrymanlarynyň keşbini Şemşat Kasymowa bilen aktýor Ahmet Amandurdyýew ýerine ýetirdiler.

Filmde okuwlaryny tamamlan ýaş binagär talyplaryň ykballary çeper beýan edilýär. Ekran eserinde dartgynly, gyzykly, ajaýyp pursatlar köp bolup, onda esasan, durmuşda öz ýoluny saýlamakda ýaşlaryň ilkinji ädimleri, işleri görkezilýär.

 

 

Dawosda Bütindünýä ykdysady forum geçirilýär

Ýene-de okaň

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar