SIZDEN GELENLER

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikde bilim ulgamyny hem döwrüň talaplaryna, dünýä tejribesine laýyklykda ösdürmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, orta mekdeplerde ýaşlara bilim we terbiýe berjek mugallymlaryň taýýarlanylyşynyň, gaýtadan taýýarlanylyşynyň we olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylyşynyň hiliniň kämilleşdirilmegi ýaly oňyn özgertmeler aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýaş nesillere ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri, öwütündewleri esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Şundan ugur alnyp, bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde döwrüň talaplaryna we halkara ülňülerine eýermek, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny, bilim-başarnyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanyň bilim-ylym ulgamyny okgunly ösüşlere gönükdirýän möhüm resminama, ýagny «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Konsepsiýada Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň häzirki ýagdaýy, Konsepsiýanyň maksady we wezipesi, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary, daşary ýurt dillerini okatmak boýunça hyzmatdaşlyk, resminamany durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary, onuň durmuşa geçirilişini maliýeleşdirmek we ondan garaşylýan netijeler beýan edilendir.

Bu resminama ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen bir hatarda, olaryň ene dilimizi kämil bilmegi, munuň daşyndan hem daşary ýurt dillerini özleşdirmegi, dünýägaraýşy giňeltmek we täze mümkinçilikleri gazanmak üçin esasy şertleriň biridir. Şeýle hem ol mugallymçylyk ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dili mugallymlarynyň öňünde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny seljermegi, umumylaşdyrmagy we kämilleşdirmegi, okatmagyň üznüksiz ulgamynyň nazary we usulyýet esaslaryny işläp taýýarlamagy, bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny öz içine alýan daşary ýurt dillerini okatmagyň üznüksiz ulgamyny döretmegi, Türkmenistanda daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlary taýýarlamak, daşary ýurt dillerini okatmak we bu ugurda bilim bermek işini döwrebaplaşdyrmak wezipesini goýýar.

Ýokary okuw mekdepleriniň rus dili mugallymlarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, geljekki mugallymlara öwredýän daşary ýurt dillerini okatmakda bilim tehnologiýalaryny netijeli peýdalanmagy başarmagy, dili öwrenilýän ýurduň medeniýetini we taryhyny bilmegi möhümdir. Bu babatdarus diliniň okadylyşynyň usulyýetiniň halkara tejribesini öwrenmek, dünýä tejribesine laýyklykda iňlis dilini okatmagyň okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek, okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny kemala getirmek, rus dilini öwretmegiň innowasion usullaryny jemlemek, umumylaşdyrmak we ýaýratmak esasy ugurlardyr.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bilimde, ylymda we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz: «Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmekleri, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydyr» diýip nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu gymmatly tabşyryklary umumybilim edaralarynda ýaşlaryň okuw derslerini çuňňur özleşdirmeklerini üpjün edýän okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça sazlaşykly ulgamyň döredilmegini we onuň yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär.

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys» diýip belleýär.

Türkmen topragy gadymy döwürlerde-de ylmyň, bilimiň, medeniýetiň, sungatyň ösen ojagy hökmünde dünýäde giňden tanalypdyr. Muňa şöhratly taryhymyza degişli baý maglumatlar, alymlardyr taryhçylaryň, syýahatçylaryň galdyran ýazgylary aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar Watanymyz bu günki gün hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilimiň, ylmyň, sportuň, medeniýetiň, sungatyň gülläp ösüşi arkaly, parahatçylyk taglymatyny ilerledýän ýurt hökmünde abraýyny barha pugtalandyrýar.

Gülşat Annasähedowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy.

Ýene-de okaň

Arkadagyň şäheriniň täze baýraklary

Beýik döwrümiziň bagtyýar ýaşlary

Kämil tehnologiýalar – kämil durmuş

Sanly mümkinçilikler — täze wezipeler

Ata Watan Eserleri

Maglumat howpsuzlygy – döwrüň wezipesi

Ata Watan Eserleri

Bilimler güni – bagtýarlygyň açary