SIZDEN GELENLER

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ýaly ugurlar yzygiderli ösdürilýär. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgam üstünlikli ösdürilýär. Sanly ykdysadyýetiň durmuşa ornaşdyrylmagy hyzmatlaryň raýatlar üçin has elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginiň ýaşlaryň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris. Çünki iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ak mekdeplerde ýaş nesiller bilim öwrenýärler, kämillik ýoluny geçýärler» diýip nygtaýşy ýaly, ähli ösüşleriň pugta binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Eziz Diýarymyzda ykjam we internet aragatnaşyk ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilip, sanly ulgama düşünýän ýaşlar kemala gelýär.

Bilim ulgamynyň kompýuterleşdirilmegi, sanly bilim ulgamynyň döredilmegi zehinli ýaşlarymyzyň durmuşyň islendik ugurlarynda akylly-başly iş alyp barmaklaryna oňyn täsirini ýetirýär. Bilimiň esasy maksady bolsa sazlaşykly ösen, durmuş babatda işjeň we döredijilikli şahsyýeti kemala getirmekden ybaratdyr. Döwrebap bilim özgertmeleri milli ýörelgelerimize laýyklykda amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýokary ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli nesli kemala getirmek babatda toplumlaýyn we sazlaşykly esasda alnyp barylýan işleriň ählisi döwletiň we jemgyýetiň ösüşinde özüniň aýdyň netijelerini görkezýär. Beýik maksatlar rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine, dünýä dillerini özleşdirmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde ýaşlar her bir dili öz geljekki hünärleri bilen baglanyşykly öwrenýärler. Bu bolsa her bir daşary ýurt diliniň hünär ugry boýunça öwrenilýändigini aňladýar. Şu amatly okuw şertleri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň, ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň döwrebap ösmegine giň ýol açýar. Halkara derejede hünärmen okuwlary ylym-bilim pudagynyň dünýä ülňülerine ýetirilmegini üpjün edýär». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, halkara derejede hünärmenleri taýýarlamak we dünýä dillerini özleşdirmek möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Häzirki wagtda ylym we tehnologiýa ýokary derejede ösdi hem-de jemgyýetimizde ylmyň gazananlary işjeň durmuşa ornaşdyryldy. Şunda bilim öwretmegiň, okatmagyň usullary hem kämilleşdirildi. Şonuň üçin hem dil öwretmekde döwrebap usullardan, ylmyň iň täze gazananlaryndan peýdalanylýar. Muňa mysal edip, dil öwretmegiň ylmy esaslaryny, lingafon otaglarda diňletmek usullaryny aýratyn bellemek bolar. Ylma esaslanýan dil öwretmek usuly öwrenilýän dili düýpli we giňişleýin öwretmäge oňat ýardam edýär. Dil öwretmegiň hem birnäçe usullary bolup, belli bir ugur boýunça hünär diliniň hem öwredilýändigini bellemek bolar. Hünär ugry boýunça dil öwredilende, şol dildäki adalgalaryň beýan edilişi, ylmy stildäki tekstleriň düzülişi ýaly ugurlary görkezmek bolar.

Bilim we ylym adamzat üçin gymmatly baýlyk hasaplanylýar. Ynsan gözlemek, gurmak, döretmek, dünýäni has gözelleşdirmek, kämillige tarap ösmek bilen, uly abraý-mertebe gazanýar. Ýurdumyzda ýaşlara bilim çygrynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak, höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda goýulýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edýär. Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladalar öz miwesini berýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň sany artýar.

Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.

Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän oňyn mümkinçiliklerinden peýdalanýan, döwrebap bilim alyp, ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ruhlary belent, maksatlary aýdyň. Bu günki ýaş nesiller — mekdep okuwçylary, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary — ertirki hünärmenler, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşjak raýatlar. Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent kadalaryna ygrarly nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Bularyň ählisi ýaşlaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda hormatly Prezidentimiziň edýän taýsyz tagallalarynyň aýdyň görkezijileridir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly aýratynlygy ylym-bilim ulgamynyň has oýlanyşykly ösdürilmeginde, ykdysady kuwwatyň ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli ulanylmagynda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagynda, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we beýleki ulgamlaryň işiniň kämilleşdirilmeginde has-da aýdyň duýulýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň kalbynda çäksiz buýsanç duýgularyny döredýär, bagtyýar durmuşymyzyň eşretlerine buýsanyp ýaşamaga, ylym-bilim almaga, döretmäge, gurmaga egsilmez güýç-kuwwat berýär.

Aýbölek Ekiýewa, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy.

Ýene-de okaň

«Hakyda göwheri» – gymmatly hazyna

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany