BILIM

 Bilimler we talyp ýaşlar gününde täze mekdepler açylar

Türkmenistanda  Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy üçin giň gerimli taýýarlyk işleri amala aşyryldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze bilim edaralary açylyp, bilimler baýramçylygy has-da dabaralandyrylar. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky 1200 orunlyk orta mekdep, Lebap welaýatyndaky 1360 orunlyk 2 sany orta mekdep, Mary welaýatyndaky 160 orunlyk çagalar bagy hem-de 500 orunlyk orta mekdep bar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramaçylykda geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, 1-nji synpa kabul edilýän mekdep okuwçylaryna döwrebap kompýuterleri sowgat bermek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary