JEMGYÝETSIZDEN GELENLER

Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady

    Türkmenistanyn Prezidenti   

 Gurbanguly Berdimuhamedow:

 -Ösüş ýoly bilen näçe öňe gitdigimizçe, bilim ulgamynda özgertmeleri şonça-da çalt dowam etmelidigine göz ýetirýäris.

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ,,Türkmenistan- Bitaraplygyň mekany’’ diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda HORMATLY Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny özgertmekde, ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde asyrlara barabar belent sepgitlere ýetilýär.,,Paýhas çeşmesi’’ atly kitapda: ,,Bir okana bar, bir-de dokana’’ ýa-da ,,Älemiň gyragy bolmaz, ylmyň çägi’’ diýlip bellenip geçilişi ýaly, ylym-bilim bir ýerde durmaýar.

Şu nukdaýnazardan ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwre laýyk kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek maksady bilen 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ,,Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy’’ tassyklanyldy. Bagtyýarlyk döwrümizde bu Konsepsiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Agzalan meýilnama esasynda uzak aralykdan bilim almaklygy, ylmy işleri, olimpiadalary, okuw kitaplaryny okatmagyň elektron serişdelerini, forumlary öz içine alýan sanly bilim portallary döredildi. Şeýle hem ösen daşary ýurt döwletleriň uniwersitetleri bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar, olar bilen sanly ulgamda ençeme çäreler geçirilýär.

Mundan başga-da eziz Diýarymyzda ,,Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy’’ hereket edýär. Elbetde, bu Konsepsiýa hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Birnäçe ýyldan bäri umumy we ýokary bilim berýän edaralarymyzda birnäçe daşary ýurt dilleri okadylyp, tejribeli, öz işine ezber hünärmenler kemala gelýär.  Häzirki wagtda ýurdumyzda rus, iňlis, ýapon, hytaý, ispan, koreý, arap, pars, nemes we fransuz dilleri uly höwes bilen öwrenilýär. Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen daşary ýurt döwletleriniň dil öwrenmeklige ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideoleksiýalar we wideokonferensiýalar yzygiderli gurnalýar. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň ýerine ýetirilişine öz goşandyny goşýan birnäçe dil merkezleri açylyp ulanylmaga berilýär.  Bilim ulgamyny ösdürmegi düzgünleşdirmek, bilim işgärleriniň hukuklaryny goramak üçin birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalar kabul edildi we öňki hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda ,,Bilim hakynda’’ Türkmenistanyň Kanunyny aýratyn bellemek wajypdyr. Şol Kanuna 2014-nji ýylda we 2017-nji ýylda üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň hukuk binýady döredildi. Şeýle hem 2013-nji ýylyň martynda hormatly Prezidentimiziň ,,Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permana we degişli Karara gol çekilmegi bilim ulgamynyň ýokary depgin bilen ösüp, onuň uly özgertmelere beslenmeginiň başlangyjy boldy.

Bagtyýar zamanamyzda güneşli ülkämizde alnyp barýan döwlet ähmiýetli içeri syýasatda bilim ulgamy milli Liderimiziň üns merkezinde durýar. 2011-nji ýyldan bäri, her ýyl orta mekdeplere ilkinji gadam basýan çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuter sowgatlary gowşurylýar. 2019-2020-nji okuw ýylynda 153 885 okuwça şahsy kompýuterleriň gowşurylandygy örän buýsandyryjydyr. Hem-de şu ýylyň 31-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutynda bolup, bu ýerde talyplaryň okuw-terbiýeçilik işleri bilen tanyşdy, soňra olara önümçiligi Türkmenistanda ýola goýlan ,,Agzybirlik tilsimaty’’ kärhanasynyň önümi bolan häzirki zaman kompýuterleriniň 300-sini sowgat berdi. Şeýle hem Mähriban Prezidentimiziň başlangyjy bilen şu ýylyň 8-nji aprelinde geçirilen iş maslahatynda orta mekdeplerde okaýan okuwçylaryň bilimlerini mundan-da beýläk gowulandyrmak maksady bilen düzüminde 7-14 ýaşly okuwçylardan ybarat ,,Altyn nesil’’ çagalar guramasyny döretmek, aýratyn tapawutlanan okuwçylara Prezident okuwçy haky hem-de altyn, kümüş, bürünç medallary bilen sylaglamak we okuwçylary psihologik aýratynlyklary esasynda okatmak maksady bilen okuwçy sany 300-den geçýän mekdeplerde psiholog mugallymy wezipesini döretmek meýilleşdirildi. Mahlasy, Türkmenistan ýurdumyzyň bilim ulgamynda beýik işleriň amala aşyrylmagy, özgertmeleriň esasynda kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi bilen ýaş nesillere berilýän bilimiň hili barha ýokarlanýar.

Goý, biz-ýaşlar üçin okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan ähli tutumly işleri mundanam beýläk rowaçlyklara beslensin!

 

  Rahmanberdi AMANBERDIÝEW,

   Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

hukuk fakultetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!