Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyna gönükdirilendir. Şunda ýaşlara bilim we terbiýe bermek, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri hakynda alada esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamy hem ýokary depginler bilen ösýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ulgamyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň çäklerinde sanly tehnologiýalar uly orun eýeleýär.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri ýaş nesilleriň hyzmatynda. Munuň şeýledigine ýaşlaryň kämil tehnologiýalara, kompýuterlere düşünýändikleriniň mysalynda hem görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Diýarymyzda ösüşleriň, özgerişleriň ähli ugurlary boýunça gazanylýan üstünlikler Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterýär.
«Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň milli ylym-bilim ulgamy dünýä derejesinde kämilleşýär. Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi halkymyzyň watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän, ylymly-bilimli, täze tehnologiýalardan birkemsiz baş çykarýan ýaş nesle gönüden-göni baglydyr.
Ajaýyp zamanamyzda bilim berlişiniň usullary döwrebaplaşdyrylýar, dünýä tejribesinde gazanylan üstünlikler bilen baýlaşdyrylýar, okuw mekdepleri häzirki zaman tehnologiýalary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýäniň ösen döwletleri bilen egin deňläp, barha belentlikleri nazarlap ösýän ýurdumyzyň röwşen geljegi baradaky aladadyr.
Bilim we terbiýe bermegiň öňdebaryjy usullaryndan, şeýle hem ata-babalarymyzdan miras galan nusgalyk ýörelgelerimizden ugur alyp, her bir bilim işgäri, mugallym ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe berýär. Okuw sapaklarynyň has-da täsirli bolmagy, okuwçylaryň sapaklary ýeňillik bilen özleşdirmegi we uzak wagtyň dowamynda ýatda saklamagy üçin özleriniň ussatlyklaryny görkezýärler.
Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynda ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlaryň kämil, watansöýüji bolmalydygy barada aýratyn belleýär. Bu ugurdan möhüm resminamalar kabul edilip, beýik işler durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakynda edýän taýsyz tagallasy her bir ildeşimizi buýsandyrýar. Munuň özi bilim işgärleri üçin hem aýdyň ýörelgedir, nusgalyk mekdepdir. Şeýle asylly ýörelgelere eýerip, ýaşlary watansöýüji, ylym-bilimli, kämil hünärmenler edip ýetişdirmek biziň jana-jan borjumyzdyr.
Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, özgertmekde giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize hoşallygymyzy beýan edýäris. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Haldana Rozynazarowa,
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň mugallymy.