SIZDEN GELENLER

Kämil bilim – ösüşlere badalga

Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň üns berilýän esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň üçinem milli bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belent derejelere göterilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bilim ulgamyndaky özgertmeleriň netijesinde,  ýurdumyzyň bilim edaralary tarapyndan döwrüň talabyndan ugur alnyp, giň möçberli, köpugurly işler alnyp barylýar.

Durnukly bilim, kämil terbiýe hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetleri kemala getirmegiň esasyny düzýär. Bu bolsa bilim işgärlerini ýaş nesliň sazlaşykly ösüşini gazanmaga ýokary jogapkärçilikli çemeleşmäge borçly edýär. Şeýlelikde, her bir mugallym öňde durýan belent wezipä abraý bilen hötde gelmek üçin geljekki nesillerimize ata-babalarymyzyň nusgalyk ýörelgeleriniň esasynda bilim-terbiýe bermegiň täze, döwrebap usullaryny yzygiderli özleşdirýär. Munuň özi okuw-terbiýeçilik işinde ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Türkmen ýaşlarynyň döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşmegini, bilimlerini artdyrmagyny gazanmak ugrunda amal edilýän çäreler hem hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim syýasatynda aýratyn orna eýe. Şunda ýurdumyzda her ýyl 1-nji synpa gadam goýýan mekdep okuwçylaryna noutbuk görnüşli kompýuterleriň sowgat berilýändigini aýratyn nygtamak gerek. Döwlet Baştutanymyzyň 23-nji martda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň noutbuk kompýuterlerini satyn almagy hakynda» gol çeken Karary esasynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1-nji synpa kabul edilmegine garaşylýan 155 müň 641 okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň hem bilim işinde giňden peýdalanylmagy geçilýän sapaklaryň hil hem many-mazmun taýdan täze derejä çykmagyna giň ýol açdy. Netijede, interaktiw usullaryň, kompýuter tehnologiýalarynyň üsti bilen okuwçylaryň dersler boýunça maglumatlary giňişleýin özleşdirilmegi üpjün edilýär. Şunda «eMekdep» ulgamynyň umumybilim edaralarynda birnäçe ýyldan bäri hereket edýändigini, onuň okuwçylary bahalandyrmakda, öý işini soramakda, synaglara taýýarlanmakda, ene-atalaryň çagalarynyň ýetişiginden dessin habarly bolmagynda, mugallymlaryň usulyýet üpjünçiligini gowulandyrmakda, elektron görnüşdäki okuw kitaplarydyr gollanmalaryň, öwrediji oýunlaryň, serişdeleriň baý goruny emele getirmekde özüniň oňyn netijesini berýändigini nygtamak zerurdyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzy ähli ugurlarda ösdürmek, şol sanda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak arkaly berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mekdepleriň okuw-usuly taýdan üpjün edilişini gowulandyrmak bilen bagly hem anyk wezipeler kesgitlenildi.

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde ene-atalar bilen deň derejede bize — mugallymlara hem möhüm orun degişlidir. Bilim ulgamynda halkymyzyň däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda okatmagyň innowasion usullary hem-de öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleri yzygiderli ornaşdyrylýar. Munuň özi dünýäde ylymdyr bilimiň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýändigi, dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmegiň bolsa, biziň esasy maksadymyz bolup durýandygy bilen berk baglanyşyklydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrüň talabyna laýyk gelýän döwrebap kompýuterler, multimedialar, tehniki serişdelerdir okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaşlara döwrebap bilim bermekdäki işler giň gerim bilen dowam etdirilýär.

«Ylymly il ozar» diýen paýhasa uýulýan Watanymyzda biz mugallymlar üçin bu günki gün ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilen. Biz — mugallymlaryň kämil ýaşlaryň okamagy, döretmegi, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, bagtyýarlyk döwrüniň ösüşlerine, özgerişlerine mynasyp goşandymyzy goşarys.

Goý, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlary ylym-bilimden ýüki ýetik, ýokary derejeli ussat hünärmenler edip ýetişdirmek, Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda taýsyz tagallalaryny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun!

Toýgül Babakowa,

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň

62-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri