Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym-bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Srdarymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman dünýäsi ylmy esasda ösdürilýär. Ylym-bilim pudagynyň işini kämilleşdirmek, bu işi häzirki zamanyň talaplary esasynda ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, kanunçylyk çäreleriniň uly tapgyry amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy munuň aýdyň görkezijisidir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bilim jemgyýetiň öňe gitmeginiň, döwletiň ösmeginiň berk binýadydyr. Ýurdumyzda alnyp barylýan ylym-bilim syýasatynyň esasy maksady gazanylan tejribäni ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge gönükdirmekden, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şonuň üçin hem döredilýän giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, uly höwes bilen okamak, öwrenmek, döretmek, berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak bagtyýar ýaşlaryň mukaddes borjudyr.
Ýaşlar halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, medallara eýe bolýarlar. Şeýle üstünlikler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem gazanylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ilkinji iki aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan mejlisinde habar berlişi ýaly, mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, medal gazanýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, milli we dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullary esasynda okuw-tejribelik işlerini ýokarlandyrmak we bilime, ylma höwesli ýaşlary goldamak bilen baglanyşykly özgertmeler üstünlikli alnyp barylýar. Bu özgertmeler dünýä halklary bilen dost-doganlygy üpjün edýär.
Häzirki wagtda halkara jemgyýetçiligi bilen syýasy, ykdysady, medeni, ruhy we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda dil biliminiň uly ähmiýeti bardyr. Dil bilmegiň adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny türkmen halkynyň edebi hem medeni mirasy, durmuş tejribesi görkezýär. Dil dünýä medeniýetine, beýleki halklaryň ylym, bilim dünýäsine aralaşmagyň iň möhüm serişdesidir.
Dil halklaryň arasyndaky dostluk köprüsi hasaplanýar. Şeýle hem daşary ýurt dillerini bilýän hünärmen dünýäniň ylmy edebiýatlaryndan habarly bolýar. Munuň özi ylym-bilimde hem möhüm ähmiýete eýedir. Diliň özi pikirleniş bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem dil bilýän ýaşlaryň pikirlenişi hem ösýär, ylym-bilime bolan garaýşy kämilleşýär.