SIZDEN GELENLER

Bilim — beýik ösüşleriň kämil binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyş döwründe Gahryman Arkadagy hem-de Arkadagly Gahryman Serdary bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” kabul etdi. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar.

Hut şunuň özi hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu ugurda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örboýuna galýar. Bu babatda üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Bu ugurda esasan iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede geçilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirilendir.

Ata Watanymyzyň dürli künjeginde hereket edýän umumy bilim edaralarynda dünýä dilleriniň birnäçesi öwredilýär. Ýaş nesilleriň dil öwrenmäge bolan ýokary islegini kanagatlandyrmakda, olaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmekde bu alnyp barylýan işleriň ähmiýeti örän uludyr.

Daşary ýurt dillerini okatmagyň konsepsiýasyna laýyklykda, umumy bilim edaralarynda dilleri öwretmegiň dürli usulyýet esaslary işlenip düzüldi. Bu babatda sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy has-da amatly şertleri üpjün etdi. Bilim işgärleri daşary ýurt dilleri sapaklarynda dürli tehniki serişdelerden, slaýdlardan hem-de elektron görkezme esbaplaryndan ýerlikli peýdalanyp, okuwçylara döwrebap bilim berýärler.

Ylmyň ösmegi bilen dil öwretmegiň has ygtybarly we netijeli usullary işlenip, tejribä ornaşdyryldy. Bu bolsa bilim işgärleri hem-de okuwçylar üçin dürli ýeňillikleri döredýär, dil öwrenmäge sarp edýän wagtyňy tygşytlamaga ýardam edýär. Daşary ýurt dilini öwretmekde kämilleşdiriş okuwlarynyň yzygiderli guralmagy daşary ýurt dillerini okatmakda täze tejribeleri we usulyýet esaslaryny ylmy önümçilige ornaşdyrmaga kömek berýär.

Halkymyzyň paýhas hazynasynda dil baýlygy, ony öwrenmegiň durmuşdaky uly ähmiýeti bilen bagly dürdäne sözler mynasyp orun eýeleýär. «Dil döwletdir», «Dil — akylyň açary», «Dilim bar — dünýäm bar», «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam», «Dil baýlygy — il baýlygy» ýaly atalar sözleri munuň aýdyň mysallarydyr. Bu parasatly jümleler ata-babalarymyzyň sözleýiş medeniýetine, dil öwrenmek meselesine näderejede uly ähmiýet berendigini tassyklaýar. Bular bilen birlikde, il arasynda «Dil bilen dünýäni açar» diýen aýtgy hem ýörgünlidir. Şoňa görä-de, dilini öwrenmek bilen, başga bir halkyň ruhy dünýäsine, medeniýetine, umuman, ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklaryna göz ýetirip bolýar. Hut şonuň üçin hem diller dostlugyň açary, raýdaşlygyň, ýürekdeşligiň ýoludyr.

Ylymly-bilimli, kämil ýaşlar röwşen geljegimizdir. Sowatly, ýokary hünärli kämil hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmegiň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek örän ýerlikli bolsa gerek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär, täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, dürli ugurlary öz içine alýan kämil hünärmenleri taýýarlamak maksadynda ýurdumyzda orta hem ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň açylmagy, öňden hereket edip gelýän ylym-bilim ojaklarynyň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän täze binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi döwletimiziň röwşen geljegi nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň netijesinde, ýurdumyz beýik ösüşlere eýe bolýar. Şeýle ösüşli döwrümizde ýaşlara bilim öwretmek, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda yhlasly zähmet çekmek bagtyýarlykdyr. Şonuň üçin bu günki günde bilim işgärleri, mugallymlar okatmagyň iň döwrebap usullaryndan ugur alyp, ýaşlaryň bilim derejesini ösdürýärler, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýeleýärler. Bu günki alnyp barylýan her bir iş ylmy esasda guralýar.

Ylym ähli ösüşleriň gözbaşy bolup, belent üstünliklere ýetmekde möhüm ugur bolup durýar. Hut şonuň üçin hem ylmyň iň täze gazananlary bolan innowasion tehnologiýalar bilim ulgamynda hem, üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi döwrümiziň beýik ösüşlere beslenýändigini, uly üstünliklere eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Eziz Diýarymyzyň ylym-bilim edaralarynyň işine aýratyn üns berýän, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Güldesse Babaýewa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri