SIZDEN GELENLER

Beýik döwrümiziň bagtyýar ýaşlary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar” diýip bellemek bilen, ýaş nesliň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda giň möçberli işleri durmuşa geçirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäginde sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, irki döwürden çagalary terbiýelemek, okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler hem munuň buýsançly subutnamasydyr.

«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri ýaşlara düşündirmek, asylly ýol-ýörelgelerimizi wagyz-nesihat etmek maksady bilen dürli çäreler geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, kämil bilimli, giň gözýetimli, hünärli, berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmek ugrunda edýän aladalary ýurdumyzyň ýaşlaryny has-da begendirýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralarynyň güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde şatlyk-şowhuna beslenen çagynda açylyp ulanylmaga berlen mekdeplerdir çagalar baglary hem ýaşlar hakdaky aladalaryň güwäsi boldy.

Häzirki döwürde bilimiň hilini ýokarlandyrmakda täze talaplar bildirilýär. Bilim edaralaryny döwrüň talaplaryna we häzirki zaman ülňülerine laýyk derejede kämilleşdirmek, täze sapaklary, aýratyn-da, sanly ulgam bilen baglanyşykly sapaklary girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, ukyp-zehinlerini ýüze çykarmaklary, birnäçe daşary ýurt dillerini gowy özleşdirmekleri üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň we ony 2018—2024-nji ýyllarda durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi bu ugurda täze özgertmelere badalga berdi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan orta mekdepleriň sanly dolandyryş ulgamy bolan «E-mekdep» ulgamynyň işläp başlamagy ulgama döwrebap özgertmeleriň ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Bu ulgam bilen okuwçynyň gündeliginiň elektron görnüşini görüp bolýar. Onda okuwçynyň alan bahasy, okuw sapaklaryna bolan gatnaşygy, okuw sapaklarynyň rejesi, öwrenen temalary, öý işleri, mugallymyň bellikleri we berlen ýumuşlar barada onlaýn usulynda maglumat berilýär. «E-mekdep» ulgamy ata-enelere çagalarynyň okuwyna netijeli gözegçilik etmek, olaryň bilimine goldaw bermek üçin peýdaly usuldyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara bilim giňişliginde abraýly derejelere eýe bolmaklary buýsandyryjy ýagdaýdyr. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň meşhur reýtingleriniň sanawynda orunlary yzygiderli eýeläp, uniwersitetleriň dürli ugurlar boýunça netijeliligini ýüze çykarýarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-siniň Aziýa uniwersitetleriniň — Times Higher Education (THE) Asia University Ranking 2024 reýtingine «habarçy» derejesi bilen girmegi milli bilim ulgamynyň öňde durýan wezipelere mynasyp taýýarlyklydygyny görkezýär. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde hem şeýle netijeleriň uly ähmiýeti bardyr.

Türkmenistan BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň meşhur ylym-bilim merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «UNITWIN» halkara maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO kafedralary açyldy, Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky umumybilim berýän orta mekdepleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasynyň toruna girizildi.

Ýaşlaryň ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin uly mümkinçilikler döredildi. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine aýratyn üns berilýär.

Ýaşlary halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer, ahlak ýörelgeleriniň esasynda watansöýüjilik ruhunda, şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine laýyk derejede terbiýelemek täze taryhy eýýamda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Şunda ýaş türkmenistanlylaryň milletimiziň baý taryhy-medeni mirasyna bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli döwlet strategiýasy oňyn netijesini berýär. Ýaşlaryň arasynda sporta bolan gyzyklanmalar artýar. Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, ajaýyp netijeleri gazanýarlar. Sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artýandygyny bellemeli. Ýaşlar dürli derejedäki bäsleşiklere we köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň döredijilik hem-de sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanmaklary üçin-de ajaýyp mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary geljek nesillere geçirmek ýörelgeleri bilen baglanyşyklydyr.

Çary Daňatarow,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Döwrebap bilim — özgertmeleriň özeni

Sagdynlyk bagtyýarlykdyr

Saglyk – ýeke-täk baýlyk

Ata Watan Eserleri

Terbiýe — bagtyýarlygyň gözbaşy

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Dil-kämilligiň açary