SIZDEN GELENLER

Beýik akyldaryň belent sarpasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenabatda geçirlen Ministrler Kabinetiniň göçme meýlisinde 2024-nji ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulýan giň gerimli çäreleriň meýilnamasyny oňlap, ol dogrusynda degerli görkezmeler berdi. Arkadag Prezidentimiziň bu şanly senäni halkara derejesinde giňden bellemek başlangyçlary diňe bir edebiýatçylarda  däl, eýsem-de tutuş halkymyzda uly begenç hem buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi XX asyryň birinji ýarymdan başlap, onlarça görnükli edebiýatçy, taryhçy, jemgyýeti öwreniji we beýleki alymlar tarapyndan öwrenilip, ol dogrusynda ençeme ylmy-barlag işler amala aşyryldy. Şeýle-de bolsa, bu ugurda ýazylmaly ylmy işler entek öňdedir. Bu ozaly bilen Pyragynyň döredijilik ummanynyň örän çuň we giňligi bilen häsiýetlenendir. Magtymguly öz edebi mirasyna Gündogaryň edebi däpleriniň, türkmen halk döredijiliginiň, dünýewi we dini-sopuçylygyň iň ajaýyp nusgalaryny siňdirip, akyl eleginden geçirip, il-güne düşnükli halky dilde çeper beýan etmegi başaran akyldardyr. Galyberse-de,  Magtymgulyny öwrenmekde öňki amal edilen işler öz döwri üçin ähmiýetli bolsa-da, türkmen ylmynyň ähli pudagyny dünýä ülňüsine ýakynlaňdyrmaklygy talap edýän Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrinde şol işler bilen kanagat etmek bolmaz. Magtymgulynyň şygryýeti babatda aýdanymyzda, ol giden bir umman bolup, bizden işe golumyzy çyzgap çemeleşmegi talap edýär. Ýeri gelende bellesek, beýik akyldaryň 300 ýyllygyna meýilleşdirilýän “Magtymguly Pyragynyň ensiklopediýasyny” döretmek hem sanly we neşir görnüşindäki “Magtymguly Pyragy diwanyny” taýýarlamak işleri hem häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýär.

Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragy il içinde milli şahyr hökmünde tanalýar. Onuň hem özüne ýetesi sebäpleri bardyr. Akyldar eserlerinde türkmen halkynyň Berkarar döwlet, bagtyýar durmuş gurmak taglymaty açyk-aýdyň wagyz edip, tutuş halky özbaşdak ýurt döretmeklige cagyrypdyr. Bu pikir onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-azat” poemasynda hem yzarlanýar, ýöne, Pyragynyň Berkarar döwleti döretmekdäki möhüm amala aşyrylmaly işler hakyndaky garaýyşlar anykdyr we hemmä düşnüklidir. Aslynda, jebislik bu XVIII asyr taryhy şertlerinde tutuş jemgyýetiň  arzuw-islegidir. Söz ussatlaryň içinde Magtymguly ilkinji bolup türkmeniň bir bütewi millet hökmünde çykyş etmelidigini dile getiren we halkyň kalbyna ýetiren şahyrdyr. Türkmen akyldarynyň döwlet gurmak hakynda garaýyşlarynda hiç hili hyýalylyk ýokdur. Akyldar öz döwrüniň syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýyna obýektiw baha beren şahyrdyr. Bu birinjiden. Ikinjiden, halky dilde halk köpçüligini gyzyklandyrýan, onuň gündelik meselelerini, ýürek küýsegini  kämil çeperçilik serişdeler, obrazlar arkaly gozgaýan hem olaryň çözgüdini berýän, ulus-ili pikir öwürmäge we netije çykarmaga imrindirýän eserleri döreden Magtymguly öz halky bilen bir jan, bir tendir. Şeýle söz ussadyň jemgyýet tarapyndan milli şahyr hasaplanjakdygy hem öz-özünden düşnüklidir. Milletimiziň öňünde şeýle uly hyzmat bitiren şahyryň halkyň hakydasynda mydama ýaşap, onuň ündewlerini halkyň hemişe ygrarly boljakdygy tebigydyr.  Mähriban Arkadagymyzyň Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi gurulýandygy hakynda belläp geçmegi, tutuş halkymyz tarapyndan gyzgyn kabul edilip, onuň köňül guşuny has-da ganatlandyrdy.

Häzirki wagta çenli Magtymgulynyň şygyrlary birnäçe daşary ýurt dillerine terjime edilip, dünýäniň dürli döwletlerinde onuň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Türkmen şahyrynyň çuňňur pähim-parasata ýugrulan şahyrana ussatlygy we ylahy zehini tutuş dünýä jemgyýetçiligini özüne maýyl etdi. Onuň şeýledigine tele we radio ýaýlymlardaky köp sanly çykyşlar, gazet-žurnallardaky seslenmeler hem şaýatlyk edýär. Hakykatdan-da, Pyragynyň akyl eleginden we ýürek telwasyndan syzylyp çykan şahyrana setirler, olardaky watançylyga, doganlyk-dostluga, ynsanperwerlige çagyrýan taglym-ündewler türkmen halkyna degişli bolşy ýaly, ýer ýüzünde ýaşaýan islendik ynsana degişlidir. Bu bolsa Magtymgulynyň millilik çägini böwsüp, umumadamzat akyldar şahyry diýen beýik mertebä ýetendigini aýdyň görkezýär. Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda Magtymgulynyň eserlerini dünýä dillerine terjime etmegi hem-de onuň tanyşdyryş dabaralaryny dowam etdirmek, bu dogrusynda döredijilik duşuşyklary gurnamak, diňe bir türkmeniň beýik oglunyň parasatlaryny dünýä ýaýmak jähetden gymmatly bolman, eýsem-de, türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryna halkara jemgyýetçiligiň içgin düşünmekligi babatdan-da örän ähmiýetlidir.

Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, Türkmenistan döwletimizde beýik Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleriniň giň gerimde ýaýbaňlanyp başlanmagy ilkinji nobatda, ylmy jemgyýetçiligi, bilim we medeniýet işgäri arman-ýadaman zähmet çekmelige ruhlandyrýar. Magtymgulynyň paýhas ummanyny seljermekde, dünýä ýaýmakda, mahabatladyrmakda täze sepgitlere ýetiljekdigi ukuçsyzdyr.

 

Hydyr Geldiýew,

S.A.Nyýazow adynda Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy.

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

 

 

Halkara ýazyjylar güni

 

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty