SIZDEN GELENLER

Beýi (Behi) agajynyň aýratynlyklary

Beýi bagynyň medeni sortlary Kawkazda, Orta Aziýada, Krymda we Moldowada ösdürilip ýetişdirilýär..Beýi-agaç görnüşli gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär, gür ýaprakly, şar görnüşli telpekligi bolýar. Gülleri sada bir-birden bir ýyllyk baldaklarda emele gelýär. Miwe düwünçekleri emele gelenden soň, hasyl getiriji baldaklar ösmeýärler. Miweleri tüýjümek, garamtyl-sary reňkli, iri, miwe sapaksyz, eti gaty, uzak saklanýan, uzak ýerlere daşalanda hem zaýalanmaýar. Miwelerini köplenç çig görnüşde iýmek bolmaýar, miwesiniň içi köp çigitlidir (10-70). Miwelerinde 8,15-12,0% süýjüler, witamin S, pektin-0,33%-e çenli we 0,2- 0,8% turşular saklanýar.

Şeýle hem miwesiniň düzüminde dubil maddalary, etil efirleri saklanyp beýi miwesine özboluşly ýakymly ys berýär. Şonuň üçin beýi mürepbesiniň ýakymly ysy bolýar. Beýi agajy çalt hasyla durýar, 5-6 ýyldan doly hasyl getirip başlaýar. Hasyllylygy gektardan 150-380 sentner. Beýi agaçlary 30-50 ýýl ýaşaýar, çybyklary, baldaklary sapmak arkaly we tohumlary bilen köpeldilýär. Beýi – ýagtylygy we ýylylygy köp talap edýän bagdyr, ýöne aýaza durnuksyz bolup, suwa bolan talaby ortalykdyr. Miweli bagçylykda 100-e golaý sortlary bolup, Türkmenistanda 6 sorty ösdürilip ýetişdirilýär. Miwesiniň bişip ýetişişleri boýunça güýzki we gyşky sortlara bölünýärler.

 

ÇARYÝEWA  MAÝSAGÜL,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy

 

 

Ilkinji orun: Türkmenistan baradaky saýtlaryň arasynda

 

 

Ýene-de okaň

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady