MEDENIÝET

Bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi

Şu gün — 22-nji aprelde  Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi. Ol Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi.

Konkur atçylyk sportunyň iň gyzykly görnüşleriniň biridir. Mälim bolşy ýaly, konkur ilkinji gezek 1869-njy ýylda Angliýada geçirilipdir. Ýeri gelende aýtsak, päsgelçiliklerden bökmek boýunça konkur ýaryşy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek girizildi.

Bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň jemlerine görä, Türkmenistanyň atly sport federasiýasyna degişli bolan Toýçy diýen at (seýsi Nikolaý Beglarýan) 1-nji orna mynasyp boldy.

Bäsleşikde, degişlilikde, ikinji we üçünji orunlara «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Milli atly sport merkezine degişli bolan Akgala diýen at (seýsi Bäşim Ballyýew) we Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Galkynyş diýen at (seýsi Durdy Kanaýew) mynasyp boldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglar 24-nji aprelde — Türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäklerinde gowşurylar.

 

“Merkezi Aziýa-Russiýa” daÅŸary iÅŸler ministrleriniň duÅŸuÅŸygy geçirildi

 

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy