Şu günler tutuş ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Toýdur dabaralaryň bezegi bolan ahalteke bedewlerimiz milli buýsanjymyzdyr.
Ýurdumyzyň ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä tanatmakda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna hem uly orun degişlidir.
2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň döredilmegi atçylyk sungatynyň has kämilleşmegine düýpli goşant goşdy. Bu toparyň jigitleridir gyzlary indi birnäçe ýyldan bäri dünýäniň dürli ýurtlarynda, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän bäsleşiklerde, medeni-köpçülikleýin çärelerde şowly çykyş edip, özleriniň sahna ussatlyklaryny görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Soňky ýyllarda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary uly üstünlikleri gazandy. Bu toparyň gazanýan üstünlikleri bütin dünýäde türkmen bedewlerine hem-de at çapmagyň milli mekdebine ägirt uly gyzyklanmanyň aýdyň subutnamasydyr. At üstündäki milli oýunlar mekdebi ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ösdürilmegi netijesinde täze ösüşe eýe boldy.
Hakykatdanda-da, ady rowaýata öwrülen “asman atlary” ýurdumyzda geçirilýän ähli umumymilli dabaralaryň baş bezegine öwrüldi. Ajaýyp bedewlerimiziň gözelligi we çeýeligi, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň, gyzlarymyzyň ussatlygy tomaşyçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary öz üstüne ýüklenen wezipäni abraý bilen ýerine ýetirýär. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dürli ýurtlarda ýerine ýetirýän ajaýyp hereketleri, şeýle hem sirk sungatynyň halkara festiwallaryndaky haýran galdyrýan çykyşlary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp taýýarlanan çykyşlarda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleriniň we gyzlarynyň örän hüşgärligi, batyrgaýlygy hem-de ezberligi talap edýän inçeden çylşyrymly milli at üstündäki oýunlary tomaşaçylary haýrana goýýar. Sirk çykyşlaryna uýgunlaşan bedewleriň şowhunly çykyşlary üstünliklere beslenýär. Türkmen jigitleriniň at üstündäki batyrgaýlyk bilen ýerine ýetirýän tilsimleri, sungat derejesine göterilen kämil hereketleri, türkmen gyzlarynyň çykyşlary bilen utgaşyp gidýär. Aýratyn hem jigitler bilen gyzlaryň arasynda körpeje gyzjagazyň çykyşy, onyň at üstünde ezberlik bilen erk edip oturyşy, sirk tomaşalaryndaky çykyşlary has-da şowhunly edýär.
Kerwenmyrat Orazberdiyew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisi geçirildi
