JEMGYÝET

Baýragy 1 milliard dollar bolan klublar dünýä çempionaty başlaýar

2025-nji ýylyň futbol boýunça klublaryň arasynda dünýä çempionaty ABŞ-da 15-nji iýundan 13-nji iýula çenli geçirilýär. Klubara dünýä çempionaty barada bilmeli möhüm maglumatlar:

2025-nji ýylyň futbol boýunça klublaryň arasynda dünýä çempionaty ABŞ-da 15-nji iýundan 13-nji iýula çenli geçirilýär. Bu formatyň üýtgedilmeginden soňky ilkinji ýaryş bolar. Mundan ozal, bu ýaryşa 7 klub gatnaşan bolsa, şu ýyl bäsleşige 32 topar gatnaşar we olar 8 toparça bölünýärler. Şeýle hem, bu ýaryş indi her ýyl däl-de, 4 ýylda bir gezek geçirilýär.

Oýunlar 11 şäherde, 12 stadionda geçirilýär: Finalyň duşuşygy 13-nji iýulda «Metlýaf Stadium» stadionynda Ist-Ruterford şäherinde geçiriler.

Bäsleşikde 6 konfederasiýadan jemi 32 topar çykyş eder. Olaryň arasynda 12 ýewropaly, 6 günorta amerikaly, 4 afrikaly, 4 aziýaly, 4 KONKAKAF, şeýle hem Okeaniýa we myhmançylyk edýän ýurduň futbol toparlary bar.

Ýaryşa 2021-2024 ýyllar aralygyndaky halkara bäsleşiklerdäki klublaryň ýeňişleri hem-de klublaryň reýtingleri we koeffisientleri esasynda toparlar gatnaşdyrylýar. Ýewropa toparlary üçin ýene-de bir çäklendirme bolup, bir ýurtdan iki klubdan artyk gatnaşmak bolmaýar. Şunuň bilen baglylykda, «Barselona» we «Liwerpul» bu ýaryşda çykyş etmeýär.

Ýaryşa gatnaşýan meşhur klublar: «Real», «Atletiko», «Mançester Siti», «Çelsi», «Bawariýa», PSŽ, «Flamengo», «Riwer Plate».

Toparlar 8 toparça bölündi, her birinde 4 topar bar.

Klubara dünýä çempionatyna gatnaşýan toparlaryň düzümi:

A toparça: «Al-Ahli», «Inter Maýami», «Palmeýras», «Porta»;

B toparça: «Atletiko», «Botafogo», PSŽ, «Siýetl Saunders»;

C toparça: «Bawariýa», «Benfika», «Boka Júnior», «Oklend Siti»;

D toparça: «Los-Anjeles», «Flamengo», «Çelsi», «Esperans»;

E toparça: «Inter», «Monterreý», «River Plate», «Urawa Red Daimonds»;

F toparça: «Borussiýa» (Dortmund), «Mamelodi Sandaundz», «Ulsan», «Fluminense»;

G toparça: «Al-Aýn», «Vidad», «Mançester Siti», «Ýuventus»;

H toparça: «Al-Hilal», «RB Zalzburg», «Paçuka», «Real» (Madrid).

2025-nji ýylyň futbol boýunça klubar arasynda dünýä çempionatynyň umumy bäsleşik baýragy 1 milliard dollar bolar. Çempion bolan hem-de toparlaýyn tapgyrda ähli oýunlarda ýeňiş gazanan topar $125 milliona çenli pul gazanyp biler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady