JEMGYÝET

Kuba Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alfredo Niewas Portuondonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň BMG-niň çägindäki ýakyn hyzmatdaşlyklaryň ähmiýetleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Kubanyň BMG-niň çäklerinde biri-biriniň öňe sürýän tekliplerini goldaýandyklary bellenilip geçildi.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň meselelerine seredildi. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda duşuşyklaryny gurnamak teklip edildi.

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde çykyş etdi

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa-Hytaý» sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammiti üçin Astana bardy

Astanada “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşindäki II sammit geçiriler

Türkmenistanyň Mejlisinde Sloweniýanyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy