Soňky iki aýyň dowamynda koronawirus pandemiýasyna garamazdan, dünýäniň iň baý 25 adamynyň umumy baýlygy 255 milliard dollar artdy. Şeýle maglumatlar “Forbes” žurnalynda çap edildi.
Dünýädäki iň baý 25 adamyň umumy baýlygynyň takmynan 1,5 trillion dollar töweregi bolup, ähli milliarderleriň baýlygynyň 16 göterimine deňdigi bellendi.
“Facebook” -yň esaslandyryjysy Mark Zukerbergiň bu döwürde iň köp gazanan boldy. Onuň baýlygy 31,4 milliard dollar artyp, 86,5 milliard dollara ýetdi. Soňky iki aýyň dowamynda “Facebook” -yň paýnamalary takmynan 60% ýokarlandy we 22-nji maýda rekord goýdy. Netijede, kompaniýany esaslandyryjysy dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 7-nji orundan 4-nji orna çykdy.
“Alibabadan” soň Hytaýyň ikinji uly onlaýn söwda platformasy bolan “Pinduoduo”-nyň esaslandyryjysy telekeçi Kolin Çžen Huan bu pandemiýadan iň köp peýda gördi. “Pinduoduo” -nyň paýnamasy 23-nji martdan bäri takmynan iki esse artdy we Huan 17,9 milliard dollar girdeji gazandy. Indi ol Hytaýda üçünji baý adam, onuň baýlygynyň 35,6 milliard dollara barabardyr.
“Amazon” -yň esaslandyryjysy we baş direktory Jeff Bezos bu döwürde 29,9 milliard dollar gazanyp, baýlygyny 146,9 milliard dollara ýetirdi. Žurnalyň habaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamy bolmagynda galýar. Netijede, “Amazon”-yň paýnamalary mart aýyndan bäri 29% ýokarlandy.
“Microsoft”-yň esaslandyryjy Bill Geýtsiň baýlygy 11,9 milliard dollar artyp, 106,5 milliard dollara ýetdi.
LVMH (Lui Vuitton Moet Hennessy) fransuz kompaniýalar toparynyň baş müdiri Bernard Arnonyň emläginiň umumy bahasy 12,8 milliard dollar artyp, 94,1 milliard dollara, “Berkshire Hathaway”-iň maýa goýum gaznasynyň başlygy Uorren Baffetiň emlägi 6 milliard dollar artyp, 69,2 milliard dollara ýetdi.
Fewral aýynda metbugatda koronawirusyň ýaýramagy sebäpli dünýäniň iň baý 500 adamynyň jemi 444 milliard dollar ýitirendigi habar berlipdi. Şonda Jeff Bezos, Bill Geýts we Bernard Arno iň köp ýitgi çekipdi.