DÜNÝÄ

Bäsleşik: onlaýn wideo bäsleşigi

BMG-niň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek baradaky bölümi Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmegiň halkara gününe bagyşlap, onlaýn wideo bäsleşigini yglan edýär we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek barada habardarlygy ýokarlandyrmaga goşant goşjak BTP soragnamasyny doldurmagy haýyş edýär.

Gatnaşyjylar BTP soragnamasyna jogaplaryny aşakdaky salga tabşyrmaly – https://forms.office.com/r/ECwCKmBjdY

Bäsleşige gatnaşyjylar aşakdaky sözlemi dowam etmeli

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek…

Soňra aşakdaky sözlemi aýtmaly#Diňe bilelikde… Biz planetany halas edip bileris –

Wideonyň dowamlylygy bir minut bolmaly.

Bäsleşige döredijilik ukyby bolan islendik adam gatnaşyp biler.

Wideo elektron görnüşinde ogulgerek.annayeva@un.org elektron salgysyna tabşyrylmaly ýa-da Türkmenistanyň Arçabil köçesindäki 21-nji jaýynda ýerleşýän BMG-niň binasyna iberilmeli.

Bäsleşik 2021-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda agşam sagat 23:59-da ýapylýar.

Giňişleýin maglumat üçin: https://bit.ly/39P3Lm6.

 

Altyndan ýasalan “iPhone”

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisine taýýarlyk görýär

Türkmenistan wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy