SPORT

“Barselona” topary: transfer habarlary

Ýakynda “Barselona” iki sany oýunçysynyň transferini amala aşyrdy. Olaryň biri dünýä belli futbolçy, toparyň hüjümçisi Luis Suarez bolup, beýlekisi toparyň goragçysy Nelson Semedudyr.

Türkmenistan, Türkmenistan habar, global habar, Aşgabat,  Syýasy habarlar, iň täze habarlar, Aşgabat şäheri, iň gyzykly habarlar, Türkmenistan baradaky ähli habarlar, Türkmenistan suratlar, Türkmenistan foto, iň gyzgyn habarlar,

“Barselona” toparynyň meşhur hüjümçisi Luis Suarez 6 million ýewro bilen “Atletiko Madride” transfer edilendigini habar berildi. Täze tälimçi Ronald Kuman wezipä bellenenden soň transfer edilmegi meýilleşdirilen urugwaýly ýyldyzyň täze salgysy “Atletiko Madrid” boldy. Ispaniýanyň meşhur toparlarynyň biri bolan “Atletiko Madrid” 33 ýaşly hüjümçi üçin Barselona 6 million ýewro tölär. Urugwaýly futbolçy, “Barselona” karýerasyndaky 283 oýunda 198 pökgi geçirip, 109 kömekçi gol pasyny geçirdi. Luis Suarez “Barselona” toparynda 4 gezek “La Ligada”, 1 gezek “Çempionlar Ligasynda”, 4 gezek “Korol kubogynda” ýeňiş gazandy.

Nelsonyň “Barselona” karýerasy tamamlandy

”Barselonanyň” goragçysy Nelson Semedu indi futbol karýerasyny Angliýanyň “Wulwerhempton” toparynda dowam etdirer. 26 ýaşly oýunçy 2023-nji ýyla çenli täze kluby bilen şertnama baglaşdy. Emma muňa garamazdan, toparyň ylalaşygy 2025-nji ýylyň iýunyna çenli uzaltmak mümkinçiligi bar. Semedu üç möwsümi Kataloniýa toparynda oýnap, 122 oýunda iki pökgi geçirdi.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri