UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşyklary geçirildi. Onuň çäklerinde Ispaniýanyň “Barselona” topary 4 ýyldan, Angliýanyň “Arsenal” topary bolsa 14 ýyldan soňra 1/4 finala çykmagy başardy.
Hawiniň şägirtleri Italiýanyň “Napoli” toparyny 3:1 hasabynda utdy. Duşuşykda Lopes, Žoau Kanseloa hem-de Lewandowski tapawutlandy.
Şeýlelikde, “Barselona” topary 2020-nji ýyldan soňra çärýek finala çykmagy başardy.
1/8 finalynyň jogap duşuşyklarynyň netijesi boýunça, “Arsenal” topary bilen Portugaliýanyň “Porto” toparynyň duşuşygy çekeleşikli boldy. Birinji duşuşykda “Porto” 1:0 hasabynda utan bolsa, jogap duşuşykda “Arsenal” 1:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, ýeňijini 11 metrlik jerime urgulary kesgitledi. Şeýlelikde, “Arsenal” topary 14 ýyldan soňra çärýek finala çykmagyň hötdesinden geldi.
