SIZDEN GELENLER

“Bagtsyz gaçgak”  halas edildi

Awstraliýaly haýwanlary goraýjylar ýurduň paýtagty Kanberranyň eteginde uly möçberli ýüň sebäpli ölüp barýan uly bir goýnuň üstünden bardylar. Habar berilmegine görä, olar bu haywany gyrkmak işini ýerine ýetirip bilmediler. Haýwanlary goramak gullugynyň wekilleri şeýle uly goýny entek görmändiklerini geň galyjylyk bilen beýan etdiler. “Bagtsyz gaçgak” adamlaryň öňünde gaty “tolgunýardy”. Tebigatda ömrüniň dowamynda ösen äpet ýüň örtügi zoologlara goýnuň jynsyny we ýaşyny kesgitlemekde uly kynçylyk döretdi. Halas edijileriň pikiriçe, eger tizden-tiz gyrkylmasa, beýle köp mukdardaky ýüňi bolan goýun agyr keselläp biler we kesel zerarly ölüp hem biler. Haýwanyň janyny halas etmek üçin gyssagly kömek işgärleri ýurduň goýun gyrkmagyň milli çempiony Ian Elkinse ýüz tutmaly boldular. Ol adam beýle kyn iş bilen hiç wagt ýüzbe-ýüz bolan däldigini aýtdy. Ony kesmek üçin birnäçe sagat gerek boldy. Goýun ýüňüniň mukdary hakykata laýyk däldi. Ol adaty ululykdaky goýunlardan 4-5 esse uludy. Yssy howada şeýle mukdarda ýüň haýwana uly azap beripdi. Gyrkylan ýüňüň agramy 40,45 kilograma deň boldy. Täze Zelandiýada hasaba alnan öňki dünýä rekordy 28,9 kilogramdy. Indi täze gyrkym bilen äpet ýüňünden halas bolan bu goýun adaty durmuşda ýaşap biler.

Aýşat Allaberdiýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Ata Watan Eserleri

Dünýä akyldary – türkmen danasy

Zähmet okuwy – başarnygyň açary