SÖHBETDEŞLIK

Bägül Maşadowa: Sungat bagynyň “Bägüli”

Ynsany duýgularyň karar kirişini kakyp, aňa, kalba täsir edýän jadyly güýje biz aýdym diýýäris. Bir aýdymy diňlemek, bir ömri, belli bir duýguny ýaşamak diýýärler. Hawa, bu aýtgy ugrunda bar. Ýöne şol ömri ýaşamakdan ötri, ony döretmek ýa-da halka mynasyp röwüşde ýetirmek, ine, gürrüňiň gyzykly ýeri şu bolsa gerek. Sebäbi aýdym-sazdan lezzet almaýan ýok. Bu jadyly dünýäniň içinde önüp-ösmek duýgusy bolsa söz bilen ölçäp bolmajak gymmata eýe. Muňa biz Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagtyýar talyby Bägül Maşadowa bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatanturkmenistan.com    saýty üçin söhbetdeşligi ýazga geçirenimizde-de ýene bir gezek göz ýetirdik.

Bägül, ilki bilen teklibimizi kabul edip geleniňiz üçin köp sag boluň! Gürrüňdeşligimizi öňden däp bolup gelýän tanyşlyk arkaly, aýdym-saz dünýäsine girip gelmegiňize sebäp bolan ynsanlar, wakalar hakyndaky gürrüňler bilen başlaýsak?!

Sylap-hormatlap, ünse mynasyp görüp, çagyranyňyz üçin size-de çäksiz sagbolsun aýdýaryn! Bilýäňizmi näme, her bir ynsan islendik döwürde öz çeken zähmetine mynasyp baha bermegine garaşyp ýaşaýar. Begenýän ýerim, biz ýaşlar şeýle döwürde, ýagny her bir ynsanyň eden işine, çeken zähmetine mynasyp baha berilýän döwürde ýaşaýarys. Şonuň üçinem biz bu döwri Arkadagymyzyň sahawaty bilen, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri diýip atlandyrdyk. Şu döwrüň ýaş aýdymçysy bolup öňe çykmagyma ilki bilen maşgalam ýolbelet boldy diýsem ýalňyşmaryn. Çünki maşgalamyzyň ählisi sungata uly sarpa goýýarlar. Aýdym-saza imrinmegime has-da kakamyň uly orny bar. Şonuň üçinem meni “Ýaňlan diýarym” telebäsleşiginiň ýeňijisi bolan kakam Döwletgeldi Maşadow bu ýolda meniň ilkinji halypam diýip buýsanç bilen aýdyp bilerin. Aýdym-saza bolan höwesi eýýäm çagalygymdan kakamyň ýanyna gelýän aýdymçylardyr  sazandalaryň  bu sungat barada jedelli hem gyzgalaňly gürrüňlerini diňlän günlerimden möwç ugrapdy. Olaryň islegi bilen eýýäm kiçiligimden olara her gezek gelenlerinde birnäçe aýdymlary, çagalyk hyjuwym bilen ýerine ýetirip bererdim. Bu zatlar sungat ýoluna ymykly girişmegime badalga boldy. Şeýlelik-de çagalygymdan döwlet derejesindäki bäsleşiklere gatnaşmak we üstünlikli çykyş etmek nesip etdi. Ýagny, 2009-njy ýylda “Garaşsyzlygymyzyň merjen däneleri” bäsleşigine, 2010 – njy ýylda “Awaza dostluk mekany” atly festiwalyna gatnaşmak ýaly uly bagta eýe boldum.

Ynsan ömri pursatlardan ybarat diýýärler. Bägül, gürrüňdeşligimizi ömrüňiziň iň ýatda galyjy pursatlarynyň biri bilen dowam edäýeli?

Gaty dogry bellediňiz! Ynsan ömri pursatdan durýan ekeni. Tejende kemala gelenim üçin, aýdym-saz sungatym bilen Aşgabada gelmek meniň üçin iň bir täsirli duýgy. Ine, şeýdibem, pursatlar ummanyna gark boldum. Çagalygymdan bu ugurdan, ýokary bilim almak meniň baş arzuwymdy. Orta mekdebi tamamlap, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine girmegim meniň üçin iň täsirli pursatlaryň biri boldy. Ol ýerde Aman Igliýew, Maksat Amangulyýew ýaly ussat mugallymlardan aýdym-sazyň wokal ugry boýunça tälim aldym. Bu ýeri üstünlikli tamamlap, Ahal welaýat medeniýet merkezinde bir ýyl zähmet çekdim. Soňra aýdym-saza bolan söýgüm meni Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girmegime hem uly itergi berdi. Bu hem meniň üçin ýene-de bir garaşylmadyk pursat boldy.

  Aýdymyň derejesi onuň sazyna näderejede baglydygyny siz has gowy bilýänsiňiz? Siz haýsy saz guralyna erk edip bilýäňiz?

Pianino. Bu saz guralynyň gudratyny öwrenmek üçin diňe söýgüniň  bärden gaýdýandygyny ilki-ilkiler pianinonyň başyna baranymda magat göz ýetirdim. Ýöne söýgi bilen yhlas birleşse welin, wysala gowuşmajak niýet ýok ekeni. Şeýdibem, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girenimde pianinony çalmagy öwrendim.

Bagt hakynda her kimiň öz pikir-hyýallary bar. Bu ýolda sizi häzirki güne çenli bagtly edýän zat näme?

Sungatda meni bagtly edýän zat, diňleýjilerimiň çeken zähmetime mynasyp baha bermegi hem-de teklipleridir. Bu bagta men köp gezek şaýat boldum. Mysal üçin, “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Çal sazanda” gepleşigine gatnaşyp, diňleýjilerimiň teklibi bilen hindi dilinde aýdym ýerine ýetirdim. 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli konsertde daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylarynyň biri Nýuşanyň “Çýuda” diýen aýdymyny ýerine ýetirdim. Şonda halypalardan we köp sanly diňleýjilerden ýokary baha aldym. Hawa, şeýle görnüşde zähmetime gowy baha berilmegi, meniň üçin iň uly bagtyň biri.

Üstünlige barýan ýollar käte çarkandakly bolýandygy hemmä aýan. Sizem bu ýollarda birnäçe kynçylyga gabat gelensiňiz? Şol halatlardan nähili baş alyp çykdyňyz?

Elbetde, gabat geldim. Durmuşyň özi birnäçe gezek ýykylyp, aýaga galmakdan ybarat ahyry. 2016-njy ýylda ýagny,  Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde talyp wagtym, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine gatnaşmak miýesser etdi. Welaýat tapgyrynda üstünlikli çykyş etdim, emma bir balymyň ýetmezçiligi sebäpli, döwlet tapgyryna gatnaşyp bilmedim. Türkmençilikde “Ýykylan göreşden doýmaz” diýen ajaýyp aýtgy bar. 2017-nji ýylda bagtymy synamak maksady bilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine ikinji gezek gatnaşdym. 2016-njy ýylda “Ýylyň parlak ýyldyzy” telebäsleşigine gatnaşdym. 2020-nji ýylda “Ýylyň parlak ýyldyzy” telebäsleşigine gaýtadan synanyşdym.  Şol ajaýyp sahnalara çykmagyň özem uly bagt.  Men her bir şowsuzlygymy üstünlige bolan bir basgançak hökmünde kabul etdim.

Çagalykda arzuwlar sanardan köp bolýandygy hemmä aýan. Çagalygyňyzda aýdymçy bolaryn diýip arzuw edipmidiňiz?

Häzirki güne çenli kalbymda, pikirlerimde aýdym – sazdan başga hünäre orun bolmady. Enem – atam bu ýoldan gitmegimi biragyzdan goldadylar. Ýöne, tans etmägi gowy görýän, aýdym-saz ýoluna girmezimden öňünçä, mekdep okuwçysy wagtym az-kem tans sungatyndan hem düşünje aldym. Barybir aýdym – saz sungaty meni öz erkime goýmady.

Haýsy aýdymçylaryň aýdymlaryny has köp diňleýärsiňiz?

Sesini gowy görüp,  hormat goýup diňleýän aýdymçylarymyň biri Guwanç Ýazmämmedowdyr. Ýerine ýetirişi hem-de sahnada özüni alyp barşy boýunça bolsa Sahydursun Hojakowany gowy görýärin.

Halka ýetiren aýdymlaryňyzdan haýsyny özüňize has ýakyn görýärsiňiz?

Omar Igamowyň “Söýgi” atly aýdymyny, “Türkmen owazy” teleýaýlymyna täzeçe görnüşde şekile geçirdik. Şowly hem ilkinji çykan şekilli aýdymym diýip pikir edýärin.

Durmuşyňyzdaky iň ýakyn maslahatçyňyz?

Enem–atam durmuşymdaky iň ýakyn maslahatçylarym. Her bir ädimimde iň gowy maslahaty diňe şolardan alýan.

Ilkinji gezek sahna çykmagyň we sahna öwrenişeniňden soňky duýgy barada-da az-kem  gürrüň beräýseňiz.

“Garaşsyzlygymyzyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşmagym, meni ilkinji gezek uly sahna çykmagyma getirdi. Şeýle bir tolgundym, aljyradym. Häzirki wagta çenli, ençeme sahna çyksam hem tolgunýan. Ýöne ilkinji gezekdäki tolgunmak duýgusy, häzirki wagtdakydan düýpgöter tapawutly. 2016-njy ýylda Gurbangeldi Ataýew bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň toýunda janly sesde aýdyşyk ýerine ýetirdim. Dogrusy aljyradym, ýöne sahna öwrenişeniňden soň, özüňe ynamyň bolsa, aýdym-saza bolan söýgüň bolsa, şowlulyk hem seni ýeke goýmaýar ekeni.

Ýekelikde aýdym atmak kynmy ýa bilelikde?

Elbetde bilelikde ýerine ýetirmek kyn. Sebäbi sesiňi, owazyňy deň getirmeli hem birek –biregi diňlemeli. Ýekelikde bolsa, asla beýle däl.

Size ynam baglanyp, jogapkärli iş tabşyrylanda, nähili duýgulary başdan geçirýärsiňiz?

Has dogrusy, gorkýan. Şol döwürler alada edip horlanýanam. Sebäbi bildirlen ynamy ödärinmi, başararynmy ýaly soraglara özümi berýärin . Okuwdan soň, ýörite galyp fortepiano çalyp, sesimi türgenleşdirýärin. Sebäbi, gorkmak, aljyramak ýaly duýgulardan, türgenleşmek arkaly üstün çykýaryn.

Diňe estrada ýolundan aýdym aýdýarsyňyzmy?

Esasy estrada ýolundan ýerine ýetirýärin. Halk aýdymlarynam aýdýan, wokal ugrundan  bolsa has köp okuwda ýerine ýetirýärin. Dutar saz guralynda-da aýdymlary ýerine ýetirýärin. Dutar saz guralynda ýerine ýetirlende “Ýanama görnüş” diýip at berilýär. Bu bolsa, wokal bilen halk aýdymyň arasyndaky ýerini ýetirilýän aýdymyň bir görnüşi bolýar.

Bu günler döredijilikde bile zähmet çekýän adamlaryňyz barada durup geçseňiz.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndaky  mugallymym, Türkmenistanyň at gazanan artisti , kompozitor  Omar Igamow, Kowus Gylyjow dagylar bilen bile täze eserleriň üstünde işleýäris. Aýdymlarymyň sözlerini bolsa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň,  ýaş şahyrymyz Kerim Hallyýewiň sözlerine işleýärin.

Diňe aýdym aýtmakdan lezzet alýaňyzmy?

Aýdym aýtmakdan daşary, işewürlik ýoluny hem gowy görýärin. Täjirçilik bilen meşgullanýan, parfumeriýa önümleriniň satmagy gowy görýärin hem lezzet alýaryn.

Siziň pikiriňizçe üstünligiň syry nämede?

Irginsiz zähmet çekmekde.

Nähili häsiýetdäki adamlary halamaýarsyňyz?

Kakam “Wada kylmak karzdyr, karzy bermek parzdyr” diýen jümläni gursagyma guýdy. Söz berip, sözünde tapylmaýan, ýalan sözleýän adamlary  halamaýaryn. Sebäbi, ýalan sözleýän adam, dogry sözlände hem garşysyndaky adamyň ynamyndan gaçýar.

Bägül, ýurdumyzda düşürilen birnäçe kinolarda hem baş gahrymanyň  keşbini janlandyrdyňyz. Siz üçin aýdym aýtmak täsirlimi ýa kinoda bir keşbi janlandyrmak täsirlimi?

Men 2020-nji ýylda Täze ýyl kinofilminde, 2021-nji ýylda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Sowgat” atly kinofilmlerde baş gahrymanyň keşbini ýerine ýetirdim. Biraz kynrak düşdi. Ýöne, ýene aýdym aýtmak meniň üçin has täsirli. Aýdym-sazdan alýan lezzetimi başga hiç bir hünärden alyp bilmeýärin.

Gelejekdäki maksadyňyz.

Aýdym-saz bilen dowamly zähmet çekip, öz ýurdumyzyň hem-de dünýäniň sahnalarynda çykyş etmek esasy maksatlarymyzyň biridir. Halkyň söýen aýdymçysy bolasym gelýär. Munuň üçin bolsa bizi ata Watanymyzda ähli şertler döredilendir. Pursatdan peýdalanyp, biz ýaly ýüregi joşgunly sungat işgärlerine giň mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyza köp köp sagbolsun aýdýaryn! Milli Liderimiziň jany sag, başy dik bolsun! Onuň saýasynda siziňem alyp barýan işleriňiz üstünliklere hemra bolsun! Sagboluň!

Sagboluň!

Şahsy maglumatlary:

Doglan güni, ýyly: 1996-njy ýylyň 15-nji fewraly.

Doglan ýeri: Ahal welaýatynyň Tejen şäheri.

Maşgalada: 6 gyz, 4–nji perzent.

Halaýan reňkleri: ak, gök.

Söhbetdeş bolan: Miwe Jumadurdyýewa,

“Miras” teleýaýlymynyň redaktory

Saýtymyz 1-njilik ornuny has-da berkidýär

 

Jahan Tagyýewa: Medeniýet — kalbymyň sesi

 

Türkmenistan baradaky habarlary gyzgyny bilen okamak üçin şu ýere basyň!

Türkmen we Iňlis dilindäki ilkinji akylly sözlük- Makul Sözlügi  sözlügi ýükläp almak üçin şu ýere basyň!

Göwher Hajymyradowa: Aýdymly dünýäniň bilbili

 

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

Ýene-de okaň

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym

Gözel HOJAÝEWA: kalbymyň namasy aýdym-sazymda