SIZDEN GELENLER

Bag ekmek – sogap iş

Daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde duran esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Biziň ata Watanymyz Türkmenistanda köp ýyllardan bäri, dürli miweli, saýaly we pürli baglaryň, ýylyň dört paslynda hem gök öwsüp otyrýan arça agaçlarynyň dürli görnüşleri ekilýär. Ekilen baglara ideg etmek işleri hem uly depginler bilen alnyp barylýar.

Ekologiýa abandançylygyny üpjün etmek tebigaty gorap saklamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde döwletimiz iri halkara guramalary, düzümleri bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Ýurdumyz häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy ýaly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli, köptaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Mundan başga-da ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalaryň hem köpüsine goşulandyr.

Şeýle başlangyçlar dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem işjeň häsiýete eýe boldy. Şol ýurtlardan biri hem Mongoliýa Respublikasydyr. Bu ýurtda köpçülikleýin agaç ek­mek işini guramaçylykly alyp barmak maksady bilen «Mil­liard agaç» kam­pa­ni­ýa­sy­ üçin gaz­na dö­rediildi.
Ge­çen ýyl Mon­go­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Uh­naa­giýn Hu­rel­suh BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mün­be­rin­den öz ýur­du­nyň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz ne­ti­je­le­ri­ne we çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş­mek ka­ra­ry­na ge­len­di­gi­ni we 2030-njy ýy­la çen­li azyn­dan 1 mil­liard agaç na­ha­ly­ny ek­mek bo­ýun­ça tu­tuş ýurt bo­ýun­ça mil­li kam­pa­ni­ýanyň res­mi taý­dan baş­la­nan­dy­gy­ny ha­bar be­rip­di.
Gaz­na­nyň mak­sa­dy to­kaý dö­ret­mek, agaç na­hal­la­ry­ny ek­mek we beý­le­ki te­bi­ga­ty go­ra­ýyş çä­re­le­ri üçin dur­nuk­ly se­riş­de­le­ri üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len gur­luş we ul­gam dö­ret­mek­den yba­rat. Mon­gol bank­la­ry as­so­sia­si­ýa­sy­na ag­za gu­ra­ma­la­ryň her ýyl­da, azyn­dan, 2 mil­liard mon­gol tug­ri­ki­ni – 679 müň dol­la­ry gaz­na ba­gyş et­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, 2030-njy ýy­la çen­li bank pu­da­gyn­da ýa­şyl karz­la­ryň pa­ýy 10 gö­te­ri­me çen­li ýo­kar­la­nar.
Mon­go­li­ýa­nyň meý­da­ny 1,564,116 ine­dör­dül ki­lo­met­re deň bo­lup, ba­ry-ýo­gy 7,9 gö­te­ri­mi to­kaý­lar bi­len ör­tü­len­dir. 2020-2024-nji ýyl­lar üçin hö­kü­met me­ýil­na­ma­sy ze­per ýe­ten to­kaý­la­ry di­kelt­mek we to­kaý meý­da­ny­ny 8,6 gö­te­ri­me çen­li ýo­kar­lan­dyr­mak ýa­ly bir­nä­çe mö­hüm çä­re­le­ri öz içi­ne al­ýar.

Akmuhammet Hömmiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/asgabatda-butindunya-saglyk-guni-mynasybetli-kopculikleyin-welosipedli-yoris-gecirildi/

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty