Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi habarlar gullugynyň (“WAM”) wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar. Saparyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda Türkmenistanyň metbugat serişdeleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
“WAM” agentliginiň baş direktory Jalal Al Raisi Türkmenistanyň resmi ýolbaşçylary we metbugat wekillerini bilen duşuşyp, türkmen tarapyny şu ýylyň noýabr aýynda Abu-Dabi şäherinde geçiriljek 3-nji global media kongresine çagyrdy.
BAE-niň wekilçilikli topary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti başlygy Arslan Aşyrow bilen duşuşdy.
Jalal Al Raisi “WAM” agentliginiň alyp barýan işleri barada maglumat berip, BAE-niň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň maglumat ulgamynda hyzmatdaşlykgy ýola goýmak üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle hem öz ýurdunda geçirilen global media kongresi barada habar berdi.
Türkmen tarapy BAE-niň “WAM” agentligi bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bilidirip, iki ýurduň baý medeniýeti, medeni we ykdysady mümkinçiliklerini açyp görkezmek babatda möhüm bolup durýandygy bellenildi.
