BIZNES

Azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçiligi

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, sebitlerde senagat pudagyny ösdürmek, klaster taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäherinde azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik hem-de hyzmat ediş binalarynyň, desgalarynyň gurluşyk işlerini 2023 — 2026-njy ýyllarda amala aşyrmak bellenildi.
Degişli düzümlere azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik zolagynda binalarydyr desgalary gurmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek tabşyryldy.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatymyza edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak, Arkadag şäherini ekologik taýdan arassa, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek, seýsmik howplulyk derejesini kesgitlemek, hasaba almak, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäheriniň häkimligine:
— jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny we beýleki enjamlary satyn almak boýunça;
— seýsmik yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmik stansiýany gurmak we enjamlaşdyrmak boýunça halkara bäsleşikleri geçirmek tabşyryldy.
***
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça, öňdebaryjy täze tehnologiýalary ulanmak arkaly “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň açylyşyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine, Arkadag şäheriniň häkimligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Medeniýet ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bilelikde 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň açylyşynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary açylyş dabarasyna taýýarlyk görmekde hem-de ony ýokary derejede geçirmekde Daşary işler ministrligine, Arkadag şäheriniň häkimligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Medeniýet ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ähli ýardamy bermäge borçly edildi.
Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine hem-de Döwlet habarlar agentligine açylyş dabarasyny geçirmek we “akylly” şäher konsepsiýasy bilen bagly Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary derejede beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
***
Daşky gurşawy goramak baradaky halkara borçnamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şol sanda zyňyndy gazlaryň möçberini azaltmak boýunça ýurdumyzda Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmekde dünýäniň ösen döwletleri, abraýly halkara guramalar we iri kompaniýalary bilen giňden halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna “Ýol kartasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.e

Ýene-de okaň

“Fitch Rating” Türkmenistanyň karz reýtingini ýokarlandyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-özbek haryt dolanyşygy 940 million dollara barabar boldy

Lebapda şaly borçnamasy berjaý edildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy