DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň ilçisi Türkmenistanyň Täze ýylyny gutlady

2023-nji ýyl ahyrlap barýar, dogan türkmen halkyny ýetip gelýän Täze- 2024-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Türkmenistanyň Prezidenti Onuň Alyhezretleri jenap Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Onuň Alyhezretleri jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwleti gülleýär we ösýär, 2023-nji ýylda hem uly üstünlikler gazanyldy we bu bolsa bizi diýseň begendirýär. Täze 2024-nji ýylyň Türkmenistan üçin uly üstünlikli ýyl boljakdygyna ynanýaryn.

Azerbaýjan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösmegine hemişe aýratyn üns berýär.

Umumy taryhymyza, etniki köklerimize, dilimize, doganlyk gatnaşyklarymyza esaslanýan we birek-birege hormat goýýan gatnaşyklarymyz geçen döwürde çalt ösdi we hil taýdan täze derejä çykdy.

Döwlet Baştutanlarymyzyň maksadaokgunly syýasatynyň netijesinde ýurtlarymyz strategiki hyzmatdaşlyga öwrüldi. Häzirki wagtda strategiki gatnaşyklarymyz üstünlikli ösýär.

Şol bir wagtyň özünde, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar 2023-nji ýylda ýokary depginde dowam etdi. Bu ýylda strategiki ähmiýetli ikitaraplaýyn taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly işler dowam etdirildi.

2023-nji ýylda amala aşyrylan iş saparlary, yzygiderli gatnaşyklar, dürli ugurlarda gol çekilen resminamalar, bilelikdäki taslamalar hyzmatdaşlygymyzy giňeltmekde möhüm rol oýnaýar.

2023-nji ýylyň 2-nji martynda Onuň Alyhezretleri Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjana eden iş saparynyň dowamynda döwlet baştutanlarynyň geçiren ýygnagy, şeýle hem döwlet baştutanlaryň halkara derejesindäki aragatnaşyklar we sebitleýin wakalar, Azerbaýjan-Türkmenistan gatnaşyklarynyň ösüş perspektiwalaryny kesgitlemek we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin hyzmat etdi.

Geçen ýyl Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 5 esse artdy we bu ösüş depgini 2023-nji ýylda dowam etdi.

Ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erki bilen bu mümkinçiliklerden däp bolan doganlyk gatnaşyklarymyzy berkitmek we bilelikdäki alyp barýan özara işlerimiziň gerimini has-da giňelderis diýip ynandyrýarys.

Häzirki wagtda Azerbaýjan we Türkmenistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsnaperwer ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Hyzmatdaşlygymyz halkara we sebit guramalarynyň çäginde üstünlikli dowam edýär.

Azerbaýjan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna hormat goýýar. Dogan ýurdy Türkmenistanyň daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplyk derejesi babatynda uly üstünlikler gazandy, bu bolsa bizi diýseň begendirýär.

Doganlyk ýurt Türkmenistanyň ähli künjeklerinde, şol sanda ajaýyp Aşgabat şäherinde, şeýle hem täze Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramçylygy ýokary derejede geçirilýär.

Täze ýyl mynasybetli doganlyk türkmen halkyny ýene bir gezek gutlaýarys we parahatçylyk, asudalyk we abadançylyk arzuw edýäris.

Täze ýylyňyz gutly bolsun, Türkmenistan!

Gismet Fizuli ogly Gezalow,

Azerbaýjanyň Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi.

Ýene-de okaň

Awazadaky maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga gol çekildi

Tokaýew Trampa gümrük paçlarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly hat iberdi

Türkmenistanyň ilçihanasy Ploeşti şäherinde Aziýa medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy

Donald Tramp dünýä klublary çempionatyň final duşuşygyna gatnaşar

Gazagystan Turgundy-Hyrat demirýol gurluşygyna maýa goýýar