Şu gün Azerbaýjan Respublikasynda prezident saýlawlary üçin ses bermek işi başlady. Irden ýerli sagat bilen 08:00-da ýurduň ähli ýerlerinde gurnalan saýlaw uçastoklarynda ses bermek ýola goýuldy. Azerbaýjanyň iň ýokary döwlet wezipesi üçin 7 dalaşgär bäsleşýär.
Prezident saýlawlary üçin 6537 saýlaw uçastogy döredildi. Şolaryň 6319-sy ýurduň öz çäginde, galan 218 sanysy Azerbaýjanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda guraldy.
Umuman, saýlawlar üçin 6 million 524 müň 203 saýlaw býulletini çap edildi. Häzirki wagtda Azerbaýjanda ses bermek hukugyna eýe bolan raýatlarynyň sany 6 million 478 müň 623 adam deňdir.
Saýlawlar döwründe 79- halkara synçy iş alyp barýar. Olar 89 döwletden 72 halkara guramasyna wekilçilik edýärler.
Saýlawlary giň halkara jemgyýetçiligine wagyz etmek üçin 109 halkara media edaralarynyň 216 wekili iş alyp barýar.
