MEDENIÝET

«Aýy kellesi» rekordy täzeledi

Leonardo da Winçi tarapyndan çekilen aýy kellesiniň nusgasy «Christie’s» bäsleşikli söwda edarasynda satyldy. Eser 8,9 million funt-sterlinge (takmynan 12,3 million dollar) satyn alyndy.

Bu aha italýan suratkeşiniň işleriniň satuw rekordydyr. «Surat Leonardo da Winçiniň suratkeş hökmünde ussatlygynyň subutnamasydyr» diýip, bäsleşikli söwda öýüniň «Twitter»-däki sahypasynda aýdylýar.

Eser 7×7 santimetrlik ölçegdäki gyzyl-açyk sary kagyza kümüş galam bilen çekilipdir. Ol 1480-nji ýyllaryň birinji ýarymynda döredilipdir.

Berilýän habarlarda suraty satyn alan adamyň ady aýan edilmeýär. Iň gymmat çeperçilik eserlerinde öňki rekord hem Leonardo Da Winçä degişlidir. Onuň «At we çapyksuwar» atly eseri 8,1 million funt-sterlinge satyn alnypdy.

Hytaýyň daşary işler ministriniň Türkmenistana sapary

 

 

 

Ýene-de okaň

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty