“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň atavatan-turkmenistan.com saýty üçin geçirýän söhbetdeşliklerimiziň nobatdaky myhmany Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýsoltan KOWUSOWA.
– Aýsoltan gelneje, ilki bilen, Size redaksiýamyza gelip biziň bilen söhbetdeşlik etmäge razy bolandygyňyz üçin döredijilik toparymyzyň adyndan uly minnetdarlyk bildirýäris. Geliň, söhbetdeşligimizi Siziň sahna dünýäsine gadam basan ilkinji ýyllaryňyz hakda gürrüňden başlalyň…
– Ilkibaşda menem siziň redaksiýaňyza çagyrandygyňyz üçin sag bolsun aýdýaryn. Men Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryna işe ol açylan döwürleri geldim. Meniň kalbymda çagalyk döwrümden sungata uly höwes bardy. Meşhur artist hem-de režissýor, professor, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Nurmuhammet Keşşikow meniň daýym – kakamyň jigisi bolýar. Çagalykda şol telewizorda çykyş edende men derrew telewizoryň öňüne geçip şoňa tomaşa edýärdim. Men şeýle-de çagalykdan aýdym aýtmagy hem gowy görýärdim. Men mekdebi tamamlanymdan soň 1987-nji ýylda Aşgabatdaky Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumyna okuwa girdim. Ol ýerde režissýorlyk-aktýorçylyk bölümini gaýybana tamamladym. Ony tamamlanymdan soň meni şol ýerde işe alyp galdylar. Şondan soň men durmuşa çykyp, birnäçe ýyl öýde oturdym. Şol ýyllarda meniň 3 sany çagam boldy, şolara seretdim. Soň çagalarym ulalyp, mekdep ýaşyna ýetensoň, men Ahal welaýatynyň halk döredijilik öýüniň başlygynyň orunbasary bolup işledim. Men Aşgabatda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň açylýandygy baradaky habary eşidenimden soň, bu ýere işe girmäge mende höwes döredi. Şeýlelikde, şu maksat bilen Nurmuhammet Keşşikowyň ýanyna bardym. Men ondan şol teatra işe girmäge höwesimiň bardygyny aýtdym. Şonda şol teatryň ýolbaşçysy Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyr Atabaýewdi. Nurmuhammet daýym meni şonuň ýanyna alyp geldi. Kadyr aga-da birnäçe testiň üsti bilen meni synagdan geçirdi. Synagdan üstünlikli geçenimden soň işe girjekdigim baradaky hoş habary aldym. Şeýdip, 2000-nji ýylda men Magtymguly adyndaky milli- sazly drama teatrynyň sahnasyna ilkinji ädimimi ätdim. Şol döwürden bäri şu wagta çenli men şol ýerde zähmet çekip, birnäçe keşpleri janlandyryp ýörün.
– Men, köplenç, Siziň teleýaýlymda daşary ýurt kinolaryna ses berýändigiňize we nusgawy hem-de häzirki döwrümiziň şahyrlarynyň şygyrlaryny süýji, labyzly edip okaýandygyňyza gabat gelýärin…
– Dogrusy, men teatrdaky işimden daşgary türkmen telewideniýesiniň “Miras” teleýaýlymynda terjime bölüminde zähmet çekýärin. Ol ýerde daşary kinolary türkmen diline terjime edilýär. Mende hem şol ýerde ses bermäge gatnaşmaga höwes döredi. Şol ýerde birnäçe ýyllardan bäri zähmet çekýärin. Goşgy, hekaýa, oýlanma okamakda halypalary diňleýärin. Olaryň arasynda Oguljahan Mämikowa, Sabyr Ataýewa, Täçbibi Gapurowa, Ogulbagt Çaryýewa ýaly halypalardan görelde alýaryn. Goşgy okanymda hem şolaryň okaýyşlaryny diňleýärin, olaryň ses beriş ukyplaryny öwrenýärdim. Şeýlelikde, şolardan birnäçe tejribeleri toplap, şu işler bilen hem meşgullanýaryn.
– Teatryň durmuşdaky ähmiýeti hakynda Siziň garaýşyňyzy diňläýsek…
– Teatryň – munuň özi durmuş. Teatr – tomaşaçy üçin, halk üçin mekdep. Sebäbi teatra gelýän tomaşaçy dünýägaraýşyny giňeltmek üçin gelýär. Ol bu ýerden medeni lezzet alýar. Umuman, teatr – bu ýaşaýyş. Artist üçin teatr – onuň dem alýan howasy. Teatr – mukaddes sahna. Teatr – meniň ömrüme peşgeş berlen Taňrynyň iň uly sowgady diýip düşünýärin. Teatr bilen durmuş baglanyşykly. Sebäbi teatrda durmuşdan alynýan pursatlar sahnalaşdyrylýar we halk köpçüligine ýetirilýär. Teatr – äpet halypalaryň dabanynyň sahnada gabaran mukaddes ojagy. Teatr – agyr zähmetden aran adamyň dynç alyp biläýjek, lezzet alyp biläýjek, gözýetimini giňeldip biläýjek ýeri. Dargursaklyk bilen teatra gelen tomaşaçy bu ýerden ruhubelentlik bilen, ähli ýadawlygyny unudyp çykyp gidýär. Teatr – bu halk bilen hiç wagt üzülmeýän bag. Ine, şularyň özi teatry durmuşda ähmiýetli edýän sebäpler. Şonuň üçin menem teatry ykbalymdan aýry zat hökmünde göz öňüne getirip bilemok. Teatr – bu meniň üçin nusga, ýol-ýörelge.
– Teatrda halkyň söýgüsini gazanmak kime bagly?
– Teatrda halkyň söýgüsini gazanyp bilmek artistiň özüne-de, onuň bilen çykyş edýän garşydaşlaryna-da (partnýorlaryna) bagly. Režissýoryň saňa ynanan keşbini talabalaýyk ýerine ýetirseň, şol keşbi özüňe siňdirip bilseň, munuň özi uly üstünlik diýip pikir edýärin.
– Bir döwürler Türkmenistanyň at gazanan artistleri Amangül Mämmetýazowa we Oguljan Bekiýewa özleriniň sahnadaky işlerinden daşary “Altyn asyr” teleýaýlymynda halk tarapyndan söýlüp tomaşa edilýän “Datly desterhan” atly gepleşigi döredip alyp bardylar. Sizde hem teleýaýlymda halkyň gyzyklanmasyny çekip biljek gepleşikleri döretmeklik hakda pikir döremedimi?
– Dogrymy aýtsam, men özbaşdak gepleşik alyp barmaga höwes etmedim. Sebäbi teleýaýlymda gepleşik alyp barmak üçin söze baý bolmaly, suhangöý bolmaly, ýüregiňde şoňa höwes bolmaly. Ýöne mende iň uly höwes sahnada keşp döretmek boldy. Onuň ýanyndan hekaýa okamagy, goşgy ýat tutmagy, olary köpçülige hödürlemegi isledim. Emma gepleşik alyp barmaga höwesim bolmady.
– Ynsan arzuwyna ýetende özüni has ruhubelent duýýar, özüne bolan ynamy has artýar diýýärler. Siziňem eden arzuwlaryňyza ýetmegi başaransyňyz? Çünki Siziň bilen aragatnaşyga geçip başlan günümden bäri Sizde şu aýdylan häsiýetleri duýdum.
– Hawa. Biz Watanyň duzuny iýip şu derejä ýetdik. Şunuň ýaly ajaýyp Watanda önüp-ösüp, öz söýen kärimiň eýesi boldum. Bu kärden daşary, aýal maşgala hökmünde, durmuşa çykyp, çagalarym dünýä indi. Olary ösdürip kemala getirmek her bir enede bolşy ýaly meniňem arzuwymdy. Şükür, şu arzuwlaryma hem ýetdim. Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Watan hem bizi başyna täç etdi. Maňa Türkmenistanyň at gazanan artisti diýlen dereje berildi. Meniň muňa buýsanjymyň çägi ýok. Häzirki döwürde men nepaga-da çykdym. Şonda-da ýüregimdäki hyjuwym kesilenok. Häzirem ýaşlykdaky şol hyjuw, şol söýgi bilen işime dowam edýärin.
– Siziň pikiriňizçe, artistiň artykmaçlygy nämede?
– Artist diýlen ynsan örän inçe duýguly bolýar. Onuň ýüregi örän näzik bolýar. Artsit diýlen ynsan duýguly bolýar. Ol elmydama gözlegde bolýar. Artist ähli zady ýüregine ýakyn kabul edegen bolýar. Goý, ol awtobusa münsün, duralgada dursun, durmuşda duşýan kiçijik detal hem onuň gözünden sypmaýar. Artist näzik we ynjyk adam bolýar.
– Artiste nähili häsiýetler ýar bolmaly?
– Artist sahnada lukmanam, mugallymam, ene-de, halyçam bolmaly. Şol kärdäki ynsanlaryň häsiýetini artist bilmeli. Şol bir wagtda artist hemişe adamkärçilikli, sadadan pespäl bolmaly. Artistleriň hemmesi arzuwçyl bolýar. Tomaşaçylar seniň ýerine ýetiren keşpleriň bilen saňa hormat goýýarlarmy, diýmek, sen olara ýüz esse hormat goýmagy başarmaly. Sebäbi sen şol tomaşaçylar bilen, şol halk bilen beýik derejä ýetip bilýärsiň. Şonuň üçin artist diýlen adam ruhubelentden göwnaçyk, alçak häsiýetli hem-de maksada okgunly bolmaly.
– Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan ençeme filmler düşürilýär, teatrlarda täze sahnalar goýulýar. Şol filmleriň, sahnalaryň üsti bilen täze artistler, täze ýüzler döreýär. Munda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem ähmiýeti uly bolup durýar. Çünki bu ýokary okuw mekdebinde artistlik ugrunda okaýan talyplar kemala gelýär. Siz hem tejribeli halypa artist hökmünde şolara nähili maslahatlaryňyz bar?
– Halkymyzda “Adam arzuwsyz, guş ganatsyz bolmaz” diýlen nakyl bar. Adamyň ýüregindäki arzuwyny hiç kim alyp bilmeýär. Men olara şol arzuwlarynyň yzyndan gitmeklerini, şol arzuwlara ýetmekde ýüze çykýan kynçylyklary ynamly ýeňip geçmeklerini maslahat berýärin.
Meniň pikirimçe, men artist boljak diýýäniň bilen artist bolup bolmaýar diýip pikir edýärin. Onsoňam artist bolmak üçin, umuman, edýän arzuwyňa ýetmek üçin adama yhlas, irginsiz zähmet, halypalaryň maslahatlary, şeýle hem maksada okgunlylyk gerek. Işiňe jür ýapyşyp, halkyň söýgüsini gazanyp bilseň – şunuň özi arzuwyňa ýetmek bolýar.
- Siz teatrda kimlerden görelde alýarsyňyz?
-Men Türkmenistanyň halk artistleri Öwez Gelenowy, Ogultäç Hanyýewany, Nury Hudaýgulyýewi özüme halypa hasaplap, şolardan artistlik ýolunda kämilleşmek üçin görelde aldym. Sahna ilkinji ädimimi äden günümden bäri şolar maňa halypa bolup, bolmaýan ýerlerimi düzedip, bolýan ýerlerine “berekella” diýip, maňa özleriniň maslahatlaryny berdiler.
– Söhbetdeşligimizi Siziň geljekde etmegi meýilleşdirýän etsem-petsemleriňiz, arzuwlaryňyz bilen jemläýeliň…
– Men sahnada taryhymyzda meşhur bolan zenanlarymyzyň keşplerini döretmegi entek-entek hem arzuw edýärin. Onsoňam ýaşlardan ýurdumyzyň parahatlygynyň, abadanlygynyň gadryny bilip ýaşamaklaryny arzuw edýärin. Çünki biz parahat, agzybir ýurtda ýaşaýarys. Bularyň gözbaşynda hem Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz dur. Menem ýaş nesillere şu ajaýyp durmuşyň gadyryny bilip, irginsiz zähmet çekeliň diýesim gelýär.
Goý, ýurdumyz abat, parahatlygymyz, agzybirligimiz ebedi bolsun! Bizem halkymyz üçin, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ynamyny ödemek üçin janymyzy aýaman zähmet çekeris diýip söz berýärin.
-Aýsoltan gelneje, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Bizem Size işleriňizde täze-täze üstünlikleri gazanmagyňyzy tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Söhbetdeş bolan Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň talyby.