DÜNÝÄ

Aýratyn tapawutlanan ýaşlara sylaglar gowşuryldy

Şu gün — 27-nji dekabrda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň aýratyn tapawutlanan ýaşlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda tutanýerli zähmeti bilen Watanymyzyň abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşan ýaşlaryň uly topary Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň uly mejlisler zalynda geçirilen dabara Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar, dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdy.

Dabarada, ilki bilen, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýaş serkerdeleri sylaglanyldy. Goranyş häsiýetli harby doktrinamyzyň ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem döwrüň ösüşlerini nazara alyp, watansöýüji, täze tehnologiýalara erk etmäge ukyply, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde, ýurdumyzyň mukaddes serhediniň goralmagynda, jemgyýetimiziň abadançylygynyň üpjün edilmeginde ýaş serkerdeleriň eýeleýän orny uludyr.

Soňra zamanamyzyň buýsanjyna, bedew batly ösüşlerimiziň nyşanyna deňelýän Arkadag şäheriniň gurluşygynda tapawutlanan ýaşlar sylaglanyldy. Ýaşlaryň şäheriniň binalarynyň döwrebap bezeg işlerinde, innowasion tehnologiýalar, «akylly» ulgamlar bilen üpjün edilmeginde, ýörite maksatnamalaryň taýýarlanylmagynda ýaş nesliň döredijilikli başlangyçlaryndan, täzeçil çemeleşmelerinden işjeň peýdalanylmagynda özboluşly many bar.

Ykdysadyýetiň pudaklarynda we medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda irginsiz zähmet çekýän ýaşlar Watanymyzyň ählitaraplaýyn gülläp ösmeginde, kuwwatly döwlete öwrülmeginde esasy orunlary eýeleýär. Bu günki dabarada sylaglaradyr gymmat bahaly sowgatlara mynasyp bolan ýaşlar hem halal we döredijilikli zähmeti bilen deň-duşlaryna görelde görkezýärler.

Dabarada Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijileri hem sylaglanyldy. Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar bu bäsleşige beýik akyldaryň edebi mirasyny, paýhas hazynasyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işlere bagyşlanan goşgularyny, makalalaryny, hekaýalaryny, gazet-žurnallaryň, kitaplaryň bezeg işlerini, aýdym-saz, heýkel, keramika, nakgaş, grafika eserlerini, haly we haly önümlerini, pýesalaryny, wideoşekillerini, dokumental we çeper-publisistik filmlerini hödürlediler.

Ýene-de okaň

Tokaýew Trampa gümrük paçlarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly hat iberdi

Türkmenistanyň ilçihanasy Ploeşti şäherinde Aziýa medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy

Donald Tramp dünýä klublary çempionatyň final duşuşygyna gatnaşar

Gazagystan Turgundy-Hyrat demirýol gurluşygyna maýa goýýar

Türkmenistanyň ilçisi Serbiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy