SIZDEN GELENLER

Awiasiýanyň görnükli zenan wekilleri

Awiasiýa we kosmonawtika beýleki ylymlar bilen deňeşdirlende has ýaş ylym hasaplanýar. Emma bu pudaklaryň taryhdaky äden ilkinji ädimlerinde zenanlaryň goşandy uludyr. Geliň bu gün awiasiýanyň taryhynda ýatdan çykmajak yz galdyran zenanlaryň käbirleri barada belläp geçeliň.

Emma Liliýan Todd

Taryhda ýazga galan awasiýa pudagyndaky oýlap tapyjylaryň ilkinjisi Emma Liliýan Todd (1865-1937) bolup durýar. Çagalykdan uçuşlara höwesi bolan Emma pilot bolmagy arzuw edýän eken, ýöne oňa pilotlyk şahadatnamasy berilmändir. Bu görnükli zenanyň ykbalynda Londada uçan dirižabl uly rol oýnaýar. Asmandaky dirižably aklyndan çykaryp bilmedik Emma, özi pilot bolup bilmesede, awasiýa ugrundan oýlap tapmalary bilen taryhda yz galdyrmagy başardy.

Soňraky ýyllarda Emma Liliýan Toddyň oýlan tapan konstruksiýasy Didýe Masson tarapyndan üstünlikli synagdan geçipdir. Medison skwer garden meşhur arenasynda geçirlen awiaşouda bolsa, ol özüniň oýlap tapan proýektini tomaşaçylar bilen paýlaşypdyr. Şol awiaşouda Oliwiýa Seýž atly filantrop Emmanyň üýtgeşik ukyplarynyň bardygyny görüp, oňa maddy taýdan howandarlyk etmäge başlaýar. Maddy serişdeleriň ýetmezçiligini Oliwiýanyň kömegi bilen öwezini dolduran Emma biplan gurmagy başarýar.

 

(BIPLAN)

(Emma Liliýan Todd)

Emma Liliýan Todd diňe bir üýtgeşik oýlap tapyjy bolman, eýsem Amerikanyň Birlşen Ştatlarynyň Pensilwaniýa ştatynyň gubernatory hem bolupdyr.

 

Raýmonda De Laroş

Dünýäde pilotlyk şahadatnamasyny alan ilkinji zenan bolan Raýmonda de Laroş (1882-1919) “asmanyň baronessasy” lakamyny alan beýik zenandyr. Raýmonda diňe bir ukyply pilot bolman, eýsem ökde inžener hem bolupdyr. Ol kiçilikden kakasynyň ýanynda köp wagtyny geçirip, mehanika bilen gyzyklanýan eken.Kämillik ýaşyna ýeten Raýmonda 1908-nji ýylda Pariždaky sergä gatnaşýar. Meşhur Raýt doganlary özleriniň ilkinji döreden planerlarynyň biri bilen bu sergä gatnaşýarlar. Raýt doganlarynyň oýlap tapan planery köpleriň ykbalyny üýtgeden pursat bolýar. Bu planery gören Raýmonda hem öz ykbalynyň awiasiýa bilen baglamagy ýüregine düwýär we Çarlz Wuazin adyndaky uçarmanlar mekdebine girmegi başarýar.

Şol döwürler meşhur bolan gazet Royal Aero Club biplan samolýodyny üstünlikli uçurmagy başaran  Raýmonda de Laroş atly zenan hakynda makala çykarýar hem-de Raýmonda dünýedäki ilkinji ledi-uçarman adyny berýär.

Halkara Awiasiýa Federasiýasy tarapyndan berilýän Pilotlyk şahadatnamasy 1910-njy ýylyň 8-nji martynda Raýmonda de Laroşa gowşurýarlar. Emma gynansakda, 1919-njy ýylda täze gurlan uçary synagdan geçirýän Raýmonda uçar näsazlyklary netijesinde heläkçilige sezewar bolýar hem-de aradan aýrylýar. Bu ukyply zenanyň heýkeli Parižyň Le Burget howamenzilinde dikeldildi.

 

(Raýmonda De Laroş)

Ameliýa Erhart

1897- nji ýylda ABŞ-yň Kanzas ştatynda köp çagaly maşgalada dünýä inen Ameliýa kiçilikden doganlarynyň içinde iň erjeli bolan eken. 11 ýaşly Ameliýa Aýowa ştatyndaky ýarmaka gatnyp, Raýt doganlarynyň ilkinji uçarlaryndan birini görüpdir. Edil Raýmonda de Laroşyň ykbalyny üýtgeden Raýt doganlarynyň uçarlary Ameliýanyň hem ömrüni üýtgeden pursat bolupdyr: Ameliýa asmana uçmagy öwrenmegi ýüregine düwýär.

Arzuwyny hasyl etmegi niýet eden başarjaň Ameliýa, ýadawsyzlyk bilen birbada birnäçe işlerde işläpdir. Şol döwürler gymmat bahadan okadylýan pilotlyk okuwlarynyň tölegini ödemek üçin güýjüni gaýgyrman işlän Ameliýa onuň ejesi hem edlinde baryny kömek edipdir. Kiçilikden erjelligi we maksadaokgunnulygy bilen tapawutlanan Amerliýa okuwyny üstünlikli gutarmagy başarypdyr hem-de pilotlyk şahadatnamasyny gazanypdyr. Ol hat-da özüniň ilkinji uçaryny hem satyn almagy başarypdyr. Pilotlyk Şahatnamasyny alan Ameliýa zenan pilotlaryň arasynda ýokary uçmak boýunça rekordy döwmegi hem başarypdyr (4300 metr).

Ameliýa Erhardyň iň ýatda galyjy sepgitleriniň biride onuň 1928-nji ýyldaky eden uçuşydyr: Bostonda asmana tarap uçan uçar tutuş Atlantik ummanyny duralgasyz uçup, Londanda gonýar. Şeýlelik bilen, Ameliýa Erhart Atlantik ummanyny tutuş kesip geçmegi başaryn ilkinji zenandyr. Bu taryhy uçuşda diňe şturman (ikinji pilot) bolan hem bolsa, watany ABŞ-da Ameliýany hakyky gahryman ýaly garşy alýarlar. Hat-da ABŞ-yň Prezidendi hem Ameliýany Ak Öýe çagyryp, öz gutlaglaryny beýan edýär.

Soňra Ameliýa ökde şturman käri bilen çäklenmen, eýsem birinji pilot bolmagy isleýär. Bu ugurdan okuwy gutaranyndan soňra täze hünärini görkezmek islän Ameliýa Çarlz Lingbergiň çylşyrymly uçuşyny gaýtalamak isleýär. Öz güýjäne ynamy bolan Amerliýa Nýufaundländde uçaryny asmana galdyrýar. Emma amatsyz howa şertleri we uçaryň tehniki näsazlyklary netijesinde uçaryny Demirgazyk Irlandiýada gondurmaly bolýar. Muňa garamazdan, Ameliýanyň meşhurlygy has-da artýar we ol birnäçe baýraklaryň eýesi bolýar.

(Ameliýa Erhart)

1937-nji ýylda, halkyň söýgüsini gazanmagy başaryn Ameliýa Erhart özüne täze maksady tapynýar. Öz döwründen has öňe gitmegi başaryn bu zenan bütin dünýäni uçarynda aýlanmagy ýüregine düwýär. Gynansakda, Ameliýa bu maksadyny amala aşyrmaýar, çünki Ýuwaş umannyny kesip geçip barýan Ameliýanyň uçary, Haulend adasynyň ýakynynda düşüniksiz halda ýitirim bolýar. Ameliýanyň şturmany Fred Nunan hem uçar we Ameliýa bilen birlikde ýitirim bolýar. ABŞ-yň şol wagtky prezidenti Ruzwelt tarapyndan söweşiji esmines we birnäçe gämiler Ameliýanyň gözlegine çykýarlar. Muňa garamazdan ne pilotlar, ne-de uçaryň galyndylaryny tapmagy başarylýar.

Bedeniniň ýa-da uçaryň galyndylarynyň tapylmadygyna garamazdan, 1939-njy ýylda Ameliýa Erhart şehit boldy diýlip yglan edilýär. Bütündünýä uçuşy bolsa 1964-nji ýylda Žeraldina Mak tarapyndan amala aşyrylýar.

Bu, hakykatdan-da, beýik şahsyýetleriň goşantlary we pidalary üçin biz minnetdar bolmalydyrys we olardan görelde almagy çalyşmalydyrys.

A siz? Siz pilot bolup bilermidiňiz? Ýa ýolagçy hökmünde uçmagy gowy görýärmisiňiz?

Maral Welmyradowa

Embry-Riddle Aeronautical University (Daytona Beach, Florida, USA) 

Master of Business Administration (MBA) magistr talyby

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty