JEMGYÝET

Awiasiýa pudagynyň ýitgisi 314 milliard dollar

Seljerme, salgyt we maslahat hyzmatlaryny berýän “KPMG Türkiye” edarasy koronawirus ýokanjynyň logistika ulgamyna ýetirýän täsiri barada maglumat taýýarlady. Bu edaranyň ýük gatnawy pudagynyň ýolbaşçylaryndan Ýawuz Önder  Halkara howa ulaglary birleşigine (IATA) agza awiasiýa kompaniýalarynyň koronawirus keseli sebäpli ählumumy ýitgisiniň 314 milliard dollara deň bolýandygyny mälim etdi.

Pandemiýanyň logistika pudagyna edýän täsiri boýunça seljerme işlerini geçiren “KPMG Türkiye” edarasynyň beýanatynda şeýle diýilýär: “COVID-19 ýokanjynyň global makroykdysady çökgünlige eltmeginiň esasy sebäplerinden biri global üpjünçilik zynjyry ulgamynyň kesilmegi boldy. Dünýäniň çig mal binýady hasaplanýan Hytaýda alnyp barylýan işleriň bes edilmegi, global söwdadan başlap, ykdysadyýetiň ähli esasy ugurlaryna öz täsirini ýetirdi”.

Dünýäde gara ýollar, howa ýollary we deňiz ýollary arkaly ýolagçy gatnawynyň ýatyrylmagy bilen iň köp ýitgini howa gatnawlaryny amala aşyrýan awiakompaniýalar çekdi. Gatnawlaryň dolulygyna ýatyrylmagy pudagyň pese gaçmagyna sebäp boldy. Girdejileriniň pese gaçmagy kompaýalaryň döwlet tarapyndan goldaw almazdan işlerini dowam etdirmegi mümkin däl ýaly görünýär.

Halkara howa ulaglary birleşigine (IATA) agza awiasiýa kompaniýalarynyň koronawirus keseli sebäpli ählumumy ýitgisiniň 314 milliard dollara barabar diýlip çaklanylýar. Bu guramanyň 2020-nji ýylyň aprelindäki seljermesine görä, bu pudagyň kompaniýalarynyň 86 göteriminiň öňümizdäki 6 aýyň dowamynda öňki durkuna gelmegi aňsat däl. Eger bu möhlet artan halatynda kompaniýalaryň ýagdaýynyň has-da pese gaçmagyna ýetirip biler.

Türkiýede hem 4 aýyň dowamynda gatnawlaryň möçberi 32 göterim, ýolagçylaryň sany 41 göterim azaldy.

Şeýle hem bu ýagdaý deňiz gatnawlarynda hem kynçylyk döredýär. Halkara “Moody’s” kredit reýting gullugy pandemiýa sebäpli gämi pudagynyň öňümizdäki 12-18 aýdaky ýagdaýynyň pese gaçjakdygyny  mälim etdi.

Koronawirus pandemiýasy geçenden soň hem bu döwürde gazanylan tejribeleriň dowam etdiriljekdigi beýan edildi. Emma önümçilik we sarp ediş bazarynyň tejribeleri üýtgän halatynda-da logistika ýene-de esasy hereketlendiriji güýç bolmagynda galar.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ilçisini kabul etdi

Türkmenistan bilen Zambiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanda Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezi döredilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Ärdoganyň telefon söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk işewürlerini kabul etdi

Ata Watan Eserleri