JEMGYÝET

Awaza: Türkmenistan Merkezi Aziýa tebigy gazyň eksport möçberini artdyrar

 “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndan soňra habarçylara ýüzlenme bilen çykyş edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynyň sebitde hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmeginde möhüm tapgyr bolup durýandygyny belledi.

TEBIGY GAZ EKSPORTY

Konsultatiw duşuşykda sebit ykdysadyýetini ösdürmäge degişli meseleler bilen bir hatarda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda türkmen tarapy birek-birege peýdaly şertlerde, Türkmenistandan Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýa-da sebitlerden daşary bazarlara tebigy gaz üpjünçiliginiň mukdaryny ep-esli ýokarlandyrmaga taýýardygyny mälim etdi.

ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK

Şeýle hem konsultatiw duşuşykda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem üns berildi. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň integrirlenen ulag ulgamyny döretmek baradaky teklibi gyzgyn garşylandy.

Türkmen tarapy Hazar deňzindäki Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň kuwwatlygyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň peýdalanmagyna mümkinçilik döretmäge taýýardygy belläp geçdi.

MERKEZI AZIÝANYŇ IŞEWÜRLER GEŇEŞINI DÖRETMEK

Merkezi Aziýa ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi babatda türkmen tarapy Merkezi Aziýanyň Işewürler geňeşini döretmek barada teklip bilen çykyş etdi. Bu başlangyç sebitiň ykdysady we telekeçilik işjeňligini artdyrmaga giň mümkinçilikler döreder.

SAGLYK ULGAMYNDA SEBIT MERKEZINI DÖRETMEK

Duşuşykda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek babatda hem pikir alyşdylar.

Saglyk ulgamyndaky hzymatdaşlyk babatda Türkmenistan tarapy Merkezi Aziýanyň ylmy diplomatiýa ugry boýunça lukmançylyk jemgyýetçilikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp geçdi.

Bu babatda türkmen tarapy Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmegiň has möhüm bolup durýandygyny teklip etdi.

Bulardan başga-da, konsultatiw duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga degişli meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Awaza: Täjigistanyň Prezidenti Hormat nyşany bilen sylaglandy

Ýene-de okaň

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlary gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmenistanda Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasy berler

Türkmenistanda köp çagaly enelere Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy