ATAWATAN ESERLERİ

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa)

Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy gyzlary „ak altynly“ atyzlara geldi. Salkynjak säher şemalyna pagtaçy gyzlaryň göwni açylyp, şadyýanlyk bilen özara gülşüp-degişýärdiler. Uzakdan gyzgylt öwüsýän şapagyň başy ýaňy görünip başlapdy. Pagtalaryň ap-ak hatary topraga bereket nury düşelen deýin gözýetimden hem aňyrlygyna uzalyp gidýärdi.

Gyzlaryň arasynda gürläninde hemmeleriň ünsüni özüne çekýän alçak gyz bardy. Onuň ady Gunçady. Gunça jorasy Maýagözele degdi:

– Jora jan, örän haýdaýaň welin, bu günem hemmämizden ozup, birinji bolmakçymy? Seniň bu haýdaýşyň bilen bize pagta bir ýetermikä?! Jorasynyň häsiýetine öňden hem belet bolan Maýagözel onuň jogabyny özüniňki ýaly degişme bilen gaýtardy:

– Gunça jan, azyrak gürläp, köpräk işleseň senem birinji bolarsyň. Öňüňdäki pagtфlara seret, heý olar bir el güýjüne egsilerli görünýärmi?!

– Duraweri gyz, Gunça gürläp ýyganynda hem yzyny eýgerdenok, haýdap ýygsa dagy, gaýta bize pagta galmaz – diýip, yzrakdan gelýän gyzlaryň biri gürrüňe goşuldy.

Atyzda ýene-de şadyýan gülki sesleri ýaňlandy.

Gunça degşip, gürrüňe güýmense-de, köplenç beýleki gyzlar ondan öňe geçip bilmezdi. Toparda käte Maýagözel birinji bolsa-da, köplenç Gunça öňe saýlanardy.

Gunçanyň alçak, göwnaçyk häsiýeti diňe Maýagözele däl, toparyň beýleki gyzlaryna-da ýaraýardy. Gunça şeýle häsiýetleri bilen ony tanaýan hemmelere özüni aldyrypdy. Öý-hojalyk işleriniň ählisini birkemsiz ýerine ýetirip, özüne ýakyndan goldaw bolýan gyzyna ejesi hem guwanýardy. Garyndaşlarydyr goňşularynyň toý-tomgularynda çalasynlyk bilen hyzmat edýän gyzy gelin edinmek üçin göz astyna alýan aýallar az däldi. Şonuň üçin hem Gunçalaryň gapysyna ýitigini idäp gelýänleriň yzy üzülenokdy. Ýöne Gunça gelýänleriň hiç birine razylyk berenokdy. Onuň bu bolşy ejesi Ogulbike daýzany ünjä goýýardy. Ol ýakyn jorasynyň sözüni almak isleýärdi. Gunça welin, başga bir ýigidi kalbynda besleýärdi. Emma ýigit özüne gönüläp hiç bir zat diýmänsoň, ejesine belli bir jogap aýdyp bilmeýärdi. Sawçylary öýlerine gatnadyp durman belli netijä gelmelidigine hem gyzyň gözi ýetýärdi.

Gunçanyň erkini elinden alan, kalbynyň töründe syr kimin saklap ýören ýigidi obadaşy Amandy. Aman oba mekdebinde mugallymçylyk edýärdi. Gyzyň owadan keşbi, oňa gelşik berýän gylyk-häsiýeti Amany-da biparh goýmaýardy. Emma Aman utanjaň hem ýygra oglan bolany üçin Gunça söýgüsini aç-açan aýdyp bilenokdy. Gunçalaryň öýi mekdebe golaý bolansoň, Aman ony her gün mekdebe geçende ýa-da gaýdyp gelýärkä görýärdi. Ol Gunçalaryň deňinden haçan geçse hem işe gaýym gyz hemişe bir zatlara güýmenip ýördi. Aman käte onuň mal ýatagyndaky sygyrlaryny sagyp otyranyna, käte howlularyny süpürip ýörenine, käte-de ýola golaý beýigräk ýerde oturdylan tamdyrlarynda çörek ýapyp duranyna gabat gelýärdi. Salyhatly hem sypaýy ýigit Gunça gabat gelende hemişe baş atyp salam berýärdi. Ýylgyryp salamyny alýan gyz hem Amanyň özüne mähir bilen garaýan gara gözlerine gözi düşende özüni ýitirip, derrew öýlerine girerdi, soňra bolsa tä gözünden ýitýänçä oglany penjireden gizlin synlap, ony gözi bilen ugradardy.

Amanlaň öýleri obanyň gyrasynda ýerleşýärdi. Öýleriniň gapdal tarapyndan hem öz ekin ýerleri uzalyp gidýärdi. Bu gün pagtaçylyk toparynyň ýüwrük elli ýygymçylary Amanlaryň gowaça meýdanyna pagta ýygmaga gelipdiler. Aman işden soň pagtaly pellerine gözegçilik etmek hem pagtaçylara kömek bermek maksady bilen atyza bardy. Aman gyzlaryň ýanyna gelip, salam berdi. Gyzlar onuň salamyny almak üçin başlaryny galdyranda Aman olaryň arasyndan akýagyz ýüzüne gelşik berýän ownujak gülli ak ýaglygyny ykjam daňynan Gunçany tanady. Aman köp wagtdan bäri kalbynda besläp ýören duýgusyny açmak üçin pursat dörejekdigine diýseň begendi. Gunçanyň bälçikliginden nam-nyşan galmandy. Ol ýigitden gizlenjek bolup, boýy bilen boýdaş äpet gowaçalaryň içinden başyny galdyrman pagta ýygýardy. Aman Gunçanyň özünden utanýandygyny bilip, ony ürküzmezlik üçin ilki gyzlar bilen birsellem gürleşip durdy, soňra olaryň ganarlaryny daşady. Gunça özünden bidin ýigidi beýleki gyzlardan, hatda jorasy Maýagözelden hem gabandy. Az wagt geçenden soň Gunça golaýlap, onuň ýygan pagtasyny daşamaga kömekleşmek üçin, pagtaly ganarlarynyň agramly bölegini egnine aldy. Galanyny hem Gunça göterip, bile atyzyň gyrasyna tarap gaýtdylar.

– Tüweleme, şunça pagtany eliňizden geçiren bolsaňyz, işe gaýym eliňiz pagta ýygmakda hem ýüwrük bolmaly?! Sebäbi beýleki gyzlaryň pagtasyndan siziňki has agramly geldi. Dogumly hem bälçik gyz Amany görende ýygrylyp, bir gysym bolýandygyna, ondan örän utanýandygyna garamazdan Amanyň özüne kömekleşýänine begendi we öňki endigi boýunça bälçiklik bilen jogap berdi.

– Hoşamaýlygyňyz üçin minnetdar! Ýöne meniň pagtamyň ählisini diýen ýaly siz aldyňyz ahyry! Şonuň üçin ganarlar agyr gelendir. Maňa götermäge bolsa, diňe şujagazy goýduňyz – diýip, Gunça begençden ýaňa uçganaklaýan gözlerini Amandan sowdy-da pagtasyny eli bilen görkezdi. Gunçanyň gyzaryp giden ýaňaklaryny, görejine bakyp bilmän gizlenen gözlerini görüp Aman bar güýjüni jemläp aýgytly sözi aýtmaly diýen netijä geldi.

– Gunça, görküňize gelşik berýän häsiýetiňizi, siziň özüňizi halaýaryn. Garşy bolmasaňyz, sähetli güni öýümizdäkileri size sawçylyga ugradaýsam diýýän?! – diýip, ýigit ak atyzyň içinde ak bagt hakda ilkinji sözüni aýtdy. Ýaňaklary nar ýaly bolup, tutuş süňňüni galpyldy gaplan gyz näme diýjegini bilmän, gyzaran ýaňagyny eli bilen gizläp, mähir bilen ýylgyrdy-da bolýa diýen manyda baş atdy.

Aklyga bürenen pagtalar şol pursat olaryň bagtynyň şaýady bolup, mylaýym öwsen şemala başlaryny yrady.

Maýsa Kyýasowa,

 “Ahal durmuşy” gazetiniň habarçysy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri