SIZDEN GELENLER

Atym bar-ganatym bar

 Türkmen halky öz durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirip bilmandir. Türkmen aga şatlykly gününde dabaraly toý tutup,at çapdyrypdyr.Watanyň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp darkaş gurapdyr.Türkmen halkynyň zehini bilen döredilen we terbiýelenen ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä yüzünde has hem beýikdir.”Asman aty” hasaplanan ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty bilen baglanyşykly wakalar XX         asyrdanhem bolup geçýär.Şolaryň biri hem 1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat-Moskwa atly ýörişidir.Atlar 2500mil aralygy 84 günde geçipdir, ýyndamlygyň we çydamlylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Ýörüşe gatnaşyjylar 225 mil aralygyny Garagumuň suwsuz çöllüginden 3günde geçmegi başarypdyrlar.

Ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýäde hem örän ýokarydyr.Ahalteke bedewleriniň taryhy öz gözbaşyny örän uzaklardan alyp gaýdýar.

Hormatly Prezidentimiz özüniň: ”Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”atly kitabynda: ”Bu dünýe çapylýan bedew atlaryň ähli görnüşli tohumlarynyň, şol sanda arap, iňlis atlarynyň hem ahalteke bedewlerinden gelip çykýandyklaryny tassyklaýan maglumatlar bar”diyip belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň  Bedew  baradaky  goşgusynda  Türkmen  Bedewlerimizi  şeýle  taryp  edilýar:

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly  Berdimuhamedow:

                   BEDEW

Pasly, bahar güle çümen çaglary,

Joş uranda sährä-düzi, daglary,

Göwün at üstünde  ganat baglady,

Seýle çykyp alys ýollara, bedew

 

Kändir bu jahanyň sapa-seýrany,

Gözel göwnüm-gül Diýaryň haýrany.

Türkmeniň döwletli döwri-döwrany,

Ýyldyrym ýetdirmez ýellere, bedew!

 

Baýlyk kändir asman zemin arada

Ýöne saňa taý geljek zat nirede?!

Dünýä halklaryny dosty-ýar eden

Bir belent ykbal sen illere, bedew!

 

Beýik akyldarymyz   Magtymguly Pyragy hem özüniň “Aty gerek” atly goşgusynda goç ýigidiň  at-abraý gazanmagy üçin bedew atynyň gerekdigini:

At gazanar goç ýigidiň

Owal bedew aty gerek,

 

diýen şahyrana setirler bilen nygtaýar.

Seýitnazar Seýdi özüniň “Üsti bedewiň” goşgusynda bedew atyň  tarypyny ýetirýär.Ol ata gowy seredip, onuň eýer-esbabyny ýerbe-ýer edip münseň, atarkasy Süleýmanyň tagtyndan kem däldigini:

Münende şaý bolsa tükel esbaby,

Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň.

Jul eýleseň, atlaz ile zerbaby,

Şonda biarmandyr üsti bedewiň.

 

ýaly goşgy bent arkaly açyp görkezýär:

Şeýlede bedew atyň belli bahasynyň ýokdugyny, oňa dünýe malyny berseňde  az boljakdygyny ýokary şahyranalyk bilen beýan edýär:

Bedew münen deh diýip,girer oýuna,

Ony gören gözler ajap söýüne,

Berip alsaň ýüz müň düýe goýuna,

Şonda-da arzandyr üsti bedewiň.

 

“Görogly” şadessanynda bedew atyň keşbi adamlaşdyrylyp gorkezilipdir. Gyrat Görgly üçin diňe bir serişde bolman, eýsemde onuň üçin iňö ýakyn hemrasy, syrdaşy bolupçykyş edýär.  Meşhur halyk aýdymyna öwürlen “Gyrat meni Çandybile sen ýetir “ goşgusynda  hem Gyratyň hemmetaraplaýyn tarypy ýetirilýär. Bu goşgy Görogly agyr ýaraly bolup ejir çeken wagty aýdylan setirlerdir. Görogly beg  bu kynçylykly pursatda hem öz derdini Gyrat bilen paýlaşmak bilen şeýle ýüzlenýär:

Çandybile az galypdyr aramyz,

Hakyň takdyryna nädir çärämiz,

On sekiz ýerimizden düşdi ýaramyz,

Gyrat meni Çandybile sen ýetir!

 

Berkarar döwletimiz Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmäge hem-de ony terbiýelemäge uly üns berilýär.2008-nji ýylda “Türkmenatlary”  döwlet bileşigi döredildi. 2009-njy ýyldan bäri bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Gözellik bäsleşigi”geçirilýär. Onda ýeňiji bolan bedewlere gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagalasy bilen ýurdumyzda  her ýyl “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara maslahaty geçirilip durulýar. Şularyň hemmesi Hormatly  Prezidentimiziň ýurdumyzda  ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň dünýä ýaýmak barada edýän atalyk aladasynyň netijesidir.

 HUDAÝBERGENOWA GURBANGÜL,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

Oba hojalygynda buhgalter hasaby we audit

kafedrasynyň uly mugallymy.

“Rysgal” bankynyň müşderileriniň sany 132 müňden geçdi

 

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty