JEMGYÝET

Aşgabatda Türkiýedäki ýertitremede şehit bolanlaryň ruhuna sadaka berildi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Hezreti Omar metjidinde Türkiýede bolup geçen güýçli ýertitremede şehit bolanlaryň ruhuna bagyşlanyp, berilen sadaka gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy  ilki bilen ynsanperwer çärelerine gatnaşmak üçin gelen Türkiýäniň din wekilleri bilen söhbetdeş boldy. Doganlyk ýurduň din wekilleri ata Watany bolan Türkmenistana zyýarat etmekden hoşal blandyklaryny belledi.

Dostlukly ýurtda bolan geçen betbagtçylyk üçin berilýän sadaka Türkiýeden din wekilleriň hem gatnaşmagy türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryna goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň subutnamasydyr.

Hezreti Omar metjidinde Türkmenistanyň müftüsi hem-de Türkiýede gelen din wekilleri aýat-doga okadylar.

Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  ajaýyp eserleriniň galam hakyndan düşen serişdeleriň hasabyna sadaka berdi.

Bu ýerde çykyş eden Halk Maslahatynyň Başlygy şu gün ýurdumyzda iri 3 sany saglyk goraýyş merkezleriniň düýbüniň tutulandygyny we bu möhüm taslamaryň gurluşygyny türk doganlarymyza ynanylandygyny belledi.

– Türk halky Türkmenistany ata Watan, ata ýurdy diýýär. Syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda iki dogan halk, iki döwlet hemişe birek-biregi goldap gelýär. Bilşiňiz ýaly, Türkiýede bolup geçen güýçli ýertitrmee köp sanly adma pidalaryna we agyr ýitgilere getirdi. Örän agyr tebigy betbagtçylyk biziň ählimizi gynandyrdy. Türkmenistan hem ilkinjileriň hatarynda bu ýurda doganlyk goluny uzatdy. Türkmen halkynyň adyndan doganlyk Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömegi, ýagny ilkinji nobatda zerur serişdeler iberildi.

Zerur wagty birek-biregi goldamak biziň asylly däbimizdir. Dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmekden mundan beýläk-de ähli tagallalar ediler. Umuman, dürli ugurlarda birek-birege goldaw bermegi dowam ederis. Türkmen-türk doganlyk gatnaşyklary has-da ösdüriler  – diýip belledi.

 

Ýene-de okaň

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlary gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy