DÜNÝÄ

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem abraýly halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. ÝHHG bilen uzak möhletleýin gatnaşyklar ulgamlaýyn we toplumlaýyn häsiýete eýedir.
Şeýle hem suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, suw diplomatiýasyny ösdürmek we bu işe zenanlary işjeň çekmek möhüm meseleleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bu ugurlarda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda bu ugurda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi. Nygtalyşy ýaly, daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Howanyň üýtgemegine we oňa uýgunlaşmak, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak hem-de bu meseleler boýunça habardarlygy ýokarlandyrmak üçin utgaşdyrylan çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurlygyna gönükdirildi.
Suw we oba hojalygy, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, galyndylary dolandyrmak we zyýanly zyňyndylary azaltmak, ilatyň, esasan hem ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak meseleleri aýratyn üns merkezinde boldy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri