Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meselelere seretdiler.
Owganystanyň daşary syýasat edarasyndan berlen maglumata görä, duşuşykda taraplar “Lapis-Lazuli” ulag geçelgesi boýunça hem pikir alyşdylar. Taraplar ýakyn wagtda aşgabatda bu taslama boýunça bäştaraplaýyn duşuşygy geçirmek meselesine garadylar.
Şu maksat bilen, taraplar iki ýurduň bähbidine hyzmatdaşlyga ep-esli goşant goşýan amaly başlangyçlar kabul edilip bilner ýaly degişli ugurlarda ýokary derejede bilelikde işlemegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe 2017-nji ýylda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesini döretmek barada şertnama baglaşdy. 2018-nji ýylda açylan “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi Owganystany Türkmenistan, Azerbaýjan we Gruziýa arkaly Türkiýä birleşdirýän halkara üstaşyr ugurydyr.
