JEMGYÝET

Aşgabatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

Şu gün – 7-nji aprelde Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron görnüşinde habar berilýär. 

Ir bilen paýtagtymyzdaky «Welosiped» binasynyň ýanynda döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Arkadagly Serdarymyzyň göreldesine eýerip, ýörişe gatnaşyjylar agzybirlik bilen herekete başladylar.

Ýokary ruhubelentlikde badalga alan köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilýän ýolunyň ugry boýunça sungat ussatlarynyň aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary guraldy. Ýaz paslynyň jana tenekar howasy, paýtagtymyzyň giň şaýollaryna bezeg berýän çüwdürimlerdir dürli görnüşli güller, sungat ussatlarynyň ajaýyp owazlary ýörişe gatnaşyjylara ruhubelentlik paýlady.

Aşgabat şäheriniň esasy köçeleri boýunça guralan köpçülikleýin çäre ýurdumyzyň Baş meýdançasynyň ýanynda tamamlandy.

Şu sene mynasybetli şu gün ir säher saglyk ýoluna hem köpçülikleýin ýöriş guraldy. Paýtagtymyzda we welaýatlarda «Saglygym — baş baýlygym» şygar astynda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri, ýaryşlar hem-de görkezme çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýylyň 15-nji martynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde gazanýan üstünliklerine halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň we ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara çäreleriň geçiriljek merkezlerine baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Klimow: Waşingtondaky sammit Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň täze eýýamyny görkezýär

ABŞ-nyň daşary işler ministri geljek ýyl Merkezi Aziýada saparda bolar

Milli Liderimiz: çagalaryň hiç biri hossarsyz däl, olaryň arkasynda dag ýaly döwleti durandyr

Ata Watan Eserleri