BIZNES

Aşgabat we Pekin maýa goýum taslamalary ara alyp maslahatlaşdy

Maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji duşuşygy 14-nji oktýabr, duşenbe güni Aşgabatda geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2023-nji ýylyň maý aýynda “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gazanylan şertnamalary durmuşa geçirmekdäki öňegidişlik seljerildi we mundan beýläkki gatnaşyklar üçin möhüm ugurlar kesgitlenildi.

Taraplar iş toparynyň ikinji ýygnagyndan soň geçirilen bilelikdäki işiň netijelerini jemlediler we 2024-nji ýylyň awgust aýynyň ahyryna çenli Türkmenistanda amala aşyrylan taslamalara 4,18 milliard ABŞ dollary maýa goýan hytaý kompaniýalaryň ornuny bellediler.

Türkmen tarapy, hytaýly gatnaşyjylara ýurtdaky maýa goýum ýagdaýyny we iş şertlerini gowulandyrmak üçin görülýän anyk çäreler, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmakdaky öňegidişlikler we halkara reýting agentligi “Fitch Rating” reýtingleriniň soňky baha berişleri barada habar berdi.

Hytaý delegasiýasy nebit-gaz pudagy, ulag, himiýa senagaty we ş.m. möhüm taslamalar boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda energiýa çeşmeleri we infrastruktura ýaly hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlarynda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, şeýle hem täze energiýa, ýaşyl minerallar we hyzmatdaşlygyň potensialyny kesgitlemek we täze ösüş nokatlaryny döretmek üçin özara taýýarlyk tassyklandy.

Bu duşuşykda türkmen tarapyna Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň müdirliginiň ýolbaşçysy Galina Romanowa we hytaý tarapyna Söwda ministrliginiň Daşary maýa goýumlar we ykdysayd hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygynyň orunbasary Ýan Hoa başlyklyk etdi.

Ýene-de okaň

Hünärli daşary ýurtly işçiler üçin iş rugsadynda üýtgeşiklik: Alty aýdan üç ýyla çenli uzaldyldy

Ata Watan Eserleri

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ep-esli ýokarlandy

Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda göni howa gatnawlary ýola goýlar

Özbegistan bilen Owganystan bilelikde tebigy gaz öndürer