SIZDEN GELENLER

Aşgabat şäheri — Watanymyzyň ýüregi

Mälim bolşy ýaly, 2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Şol gün — Şäherleriň bütindünýä gününde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilýändigi babatda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň çözgüdi yglan edildi.

ÝUNESKO-nyň «Döredijilik şäherleriniň tory» maksatnamasy 2004-nji ýylda esaslandyryldy. Şu günki günde bu abraýly halkara guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna «Senetçilik we folklor sungaty», «Dizaýn», «Film», «Gastronomiýa», «Edebiýat», «Media sungaty» we «Saz» ýaly 7 sany döredijilik ugry boýunça 350 şäher girýär. Bu tora Aşgabat şäheriniň goşulmagy onuň uly dizaýn mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, dizaýnerleriň başlangyçlaryny geljekde has-da ilerletmäge, halkara derejede döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eder. Aşgabat ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulan ilkinji şäherdir, şeýle-de Merkezi Aziýa sebitinden bu tora «Dizaýn» ugry boýunça goşulan ilkinji şäherdir.

Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabatda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, täze ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň, senagat toplumlarynyň, ýol-ulag we durmuş düzüminiň desgalarynyň taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde gök zolaklar döredilýär, yzygiderli täze bag nahallary oturdylýar, gülleriň dürli görnüşleri ekilýär. Bu bolsa paýtagtymyzyň ähli görkezijiler boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini äşgär edýär. Aşgabady uzak möhletli ösdürmegiň strategiýasyna laýyklykda, şäheriň ähli düzümleriniň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy, abadançylyk işleriniň ýokary hilli durmuşa geçirilmegi şäherde adamlar üçin ähli amatlyklaryň döredilmegini şertlendirýär. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri — Watanymyzyň ýüregi. Ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny, at-abraýyny görkezýän parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň merkezi. Paýtagtymyz — dünýäniň ykdysady taýdan ösen, medeni taýdan ýokary derejeli, iň gözel şäherleriniň biri. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermerli paýtagtymyzyň «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi bolsa Aşgabadyň dünýä jemgyýetçiligindäki halkara abraýynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Tanalmaz derejede özgerýän paýtagtymyzyň häzirki keşbinde Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, köpugurly kuwwaty, mähriban halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Paýtagtymyzda gözellik we amatlylyk, binagärligiň, inženerçilik-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary, milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri hem-de türkmenleriň ýaşaýyş-durmuşynyň aýratynlyklary sazlaşykly utgaşýar. Geljegi uly bolan «Aşgabat-siti» taslamasynyň hem Aşgabadyň binagärlik keşbini görk goşjakdygyny ynamly aýtmak bolar.

Allanur Çaryýew, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

 

Ýene-de okaň

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady