SPORT

Aşgabat hokkeý boýunça halkara ýaryşa taýýarlanýar

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti 15 — 20-nji aprel aralygynda  hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge taýýarlyk görýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 18-nji fewralynda gol çeken Karary bilen, ýaryşy geçirmek baradaky guramaçylyk topary döredilipdi. Şondan bäri ýaryşa taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde onuň Düzgünnamasy düzülip, ol guramaçylar — Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy tarapyndan tassyklanyldy.

Düzgünnama resmi çakylyk haty bilen bilelikde, diplomatik ýollar arkaly Belarusyň, Eýranyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Tatarystanyň (Russiýa Federasiýasy), Omanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Bahreýniň degişli hokkeý klublaryna ýollanyldy.

Hokkeý boýunça halkara düzgünlere laýyklykda, ýaryşa gatnaşýan toparlara amatly şertleri döretmek maksady bilen, Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly we kiçi buzly meýdançalarynda ýaryşyň «A» we «B» toparçalaryndaky duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi meýilleşdirildi. Zerurlyga görä, ýaryşa gatnaşýan hokkeý toparlarynyň türgenleşiklerini Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Milli Olimpiýa sport köşgüniň» hem-de Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyş sport merkeziniň buzly meýdançalarynda geçirmek bellenildi.

Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler