MEDENIÝET

Aşgabat – dünýäniň kino sungatynda

25-nji maýda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uludan toýlanyljak merjen şäherimiz Aşgabat dürli ýyllarda dünýäniň kino sungatynyň taryhyna giren çeper filmleriň surata düşürilen ýeri hökmünde hem bellidir. Öz döwründe şol filmler dünýäniň ençeme döwletlerinde görkezilip, many-mazmuny we çeperçilik taýdan kämilligi bilen kino muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylandy. Olaryň birnäçesi daşary ýurtlarda geçirilen halkara kinofestiwallarynda dürli baýraklara mynasyp boldy. Bu barada “Edebiýat we sungat” gazetinde habar berilýär. 

«Älemgoşar». 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Ukrainanyň tanymal kino ussatlary Aşgabada gelýärler. 1943-nji ýylda belli ukrain kinorežissýory Mark Donskoý «Älemgoşar» atly çeper filmi surata düşürýär. Wanda Wasilewskaýanyň edebi esasyny ýazan eseri boýunça surata düşürilen bu filmde uruş döwründe sada ukrain zenanynyň nemes basybalyjylaryna garşy alyp baran partizançylyk hereketleri şöhlelendirilýär. 1944-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda filmiň ilkinji görkezilişi bolýar. Şol ýylda bu filmi surata düşüren kinorežissýor M.Donskoý, operator B.S.Monastyrskiý, baş gahrymanlaryň keşplerini janlandyran artistler O.Kostýuk, N.Alymowa, Ý.Týapkina daga döwlet sylagy gowşurylýar. 1944-nji ýylda film ABŞ-nyň kino tankytçylarynyň birleşmesiniň hem-de «Daily News» gazetiniň, ABŞ-nyň milli kino synçylarynyň geňeşiniň «Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda daşary ýurt dilinde görkezilen iň oňat film» diýen ugry boýunça baş baýraklara mynasyp bolýar.

«Şirin-Perhat». 1978-nji ýylda Aşgabadyň etegindäki gadymy Nusaý şäherinde hem-de Stambulyň gözel ýerlerinde rus we türk kino ussatlary «Şirin-Perhat» atly çeper filmi surata düşürýärler. Belli kinorežissýor Aždar Ibragimowyň tanymal türk ýazyjysy Nazym Hikmetiň gündogarda giňden ýaýran rowaýat boýunça edebi esasynda surata düşüren adybir filminde iki ýaş juwanyň arasyndaky söýgi barada gürrüň berilýär. Bu filmde Faruk Peker, Alla Sigalowa, Armen Djigarhanýan ýaly rus we türk artistleri bilen bilelikde halypa artistimiz Ata Döwletow hem baş keşpleriň birini janlandyrýar. Ekrana çykandan uly meşhurlyga eýe bolan bu film gadymy dessanyň kino sungaty arkaly özboluşly beýan edilmesine öwrülýär. Soňra «Söýgim meniň — gussam meniň» ady bilen bu film uzak ýyllaryň dowamynda dostlukly ýurtlaryň, Ýewropanyň kinoteatrlarynda görkezilýär.

«Margir». Şeýle at bilen 1985-nji ýylda «Mosfilm» kinostudiýasynyň kinorežissýory Wadim Derbenýowyň surata düşüren çeper filmi ekrana çykýar. Lazer Kareliniň adybir romany boýunça surata düşürilen filmde ynsan durmuşynda gabat gelýän kyn pursatlar çeper keşpleriň üsti bilen beýan edilýär. Bu film temasynyň hem-de kino sungatynda ulanylýan serişdeleriň döwrebaplygy bilen badabat köpleriň ünsüni özüne çekýär. Filmiň käbir bölekleri Aşgabadyň etegindäki gadymy Nusaý şäherinde surata düşürilýär. Tanymal rus artistleri Aleksandr Mihaýlow, Nataliýa Belohwostikowa, Lýubow Polişuk dagy filmde baş keşpleri janlandyrýarlar. Şol ýyllar rus dilinde neşir edilen «Sowet ekrany» žurnalynyň geçiren pikir soraşmasy esasynda bu filmde baş gahrymanyň keşbini janlandyran Aleksandr Mihaýlow 1985-nji ýylyň «Iň oňat artisti» diýlip yglan edilýär.

 

Dünýä ýurtlary howany goramaga çemeleşýär

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy