SIZDEN GELENLER

Aşgabat – bagy-bossan

Eziz Diýarymyzda halkymyzyň ekologiýa taýdan arassa şertlerde ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen, ekologiýany we daşky gurşawy goramak ugrunda alnyp barylýan derwaýys işler raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak ýaly asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Ynsan saglygyny gorap saklamakda we daşky gurşawy goramakda uly ähmiýete eýe bolan miweli, saýaly baglary ösdürip ýetişdirmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda netijeli işler uly gerim bilen alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň badalga bermegi bilen, ýaz we güýz aýlarynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär.

Bagy-bossanly ýerler daş-töweregiň howasyny tämizläp, howanyň çyglylyk derejesini degişli derejesinde saklamaga, salkyn howany emele getirmäge ýardam edýär. Baglyk zolaklar howadaky adamyň we janly-jandarlaryň bedeni üçin ýaramaz düzümli tozan böleklerini özlerine siňdirip, töweregi ala-ýaza öwürýärler.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli parasaty bilen daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini baýlaşdyrmak, ýurdumyzy gür baglyga öwürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Şunda dine bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesinde Aşgabat şäheriniň nusgalyk görelde bolup durýandygy aýratyn buýsandyryjydyr. Ak şäherimiziň köçelerinde we seýilgählerinde ýetişdirilen dürli agaç nahallary, täsin baglar, al-elwan öwüsýän bezeg gülleri bu gün görenleri haýrana goýýar, ynsan kalbynda kamil duýgulary döredýär.

Howany tozandan we beýleki zyýanly galyndylardan arassalamakda uly ähmiýete eýe bolan baglaryň saýa salyp, obadyr şäherleriň gözelligine gözellik goşýandygyny synlanyňda, ata-babalarymyzyň ýöne ýere bag ekmegi sogap iş hasaplamandyklaryna aýdyň göz ýetirýärsiň.

Bag bar ýerinde arassa howa bardyr, saglyk hem abadançylyk höküm sürýändir. Olar tebigata gözellik berýär, adamyň ruhuny göterýär. Bu bolsa bag nahallaryny ekmekligiň ähmiýetine göz ýetirmeklige mümkinçilik berýär. Ykdysady taýdan kuwwatlanyp, güýçli senagat döwletine öwrülýän ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde tutuş ýurdumyzda — paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlarda, şäherlerde, etraplarda we obalarda ýaşyl baglyklary döretmek dowam etdirilýär.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin güwänama berildi. Bu güwänama güwänama türkmen halkynyň tebigaty goramak ugrunda çekýän zähmetine berilýän ýokary bahanyň hakyky tassyknamasydyr.

Ýunus Çerkezow, TOHU-nyñ talyby.

 

BMG-niň Ženewadaky wekilhanasyndan gelen hoş habar

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri