SIZDEN GELENLER

Aşgabadyň toý gününiň buşlukçysy

Toýlaryň toýa ulaşýan ýylynda ýene-de  täze bir şatlykly  waka durmuşymyzda aýratyn orun aldy. “Goşa baýram – goşa toý” diýlişine görä, ýurdumyzda her ýylyň 25-nji maýynda mekdep uçurymlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň  güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Ine-de, şu ýyl bu senede mermer şäherimiz Aşgabat özüniň döredilmeginiň 140 ýyllyk ýaşyny doldurdy. Munuň özi hem her bir aşgabatly üçin  guwandyryjy, ýatdan çykmajak  pursatlaryň biri. Howa, synlap otursaň şatlykly pursatlar zynjyr ýaly biri-birine sepleşip, ynsanlarda täsin  duýgyny kemala getirýän eken.  Elbetde, şeýle buýsançly pursatlaryň janly şaýady bolmagyň özi hem  kalbyňda  döredijilik joşgunyny emele getirýär we  onuň  waspyny beýan etmäge iterýär. Ine, bu gün biz şanly toýuň dabaralanýan gününde  gözel paýtagtymyza gezelenje çykan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Mollaýewa Aýlar hem-de Aşgabat şäheriniň “Olimp” orta sport mekdebiniň 11 “Ç” synpynyň  uçurymy Annaýew Mekan  bilen söhbetdeş bolduk. Aşgabat şäheriniň toý güni bilen baglanyşykly söhbetdeşlerimiziň özünde galdyran täsirini ýetirmek üçin  taýýarlan gürrüňdeşligimizi  size ýetirmegi müwessa bildik.

-Mekan, siz şu gün  mekdep uçurymy bolup ak şäherimiz Aşgabadyň gözel keşbini synlamak üçin gezelenje çykdyňyz! Siz bize paýtagtymyzyň toý güni barada kalbyňyzda dörän ajaýyp duýgularynyzy aýdyp beräýseňiz?

– Biziň  ýurdumyzda 25-nji maý güni Aşgabat şäheriniň  esaslandyrlmagynyň 140 ýyllygy hem-de mekdep uçurymlarynyň güni giňden bellenilip geçilýär. Şu gün Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde  ulag hyzmatlaryny üpjün etmek maksady bilen ýokary amatlyklary özünde jemleýän awtobuslaryň 400 sanysy, şeýle hem  ýeňil taksi awtoulaglaryň 200 sanysy işe goýberildi. Munuň bilen bir hatarda, bu  şanly senede ak şäherimizde hereket edýän ýolagçy awtobuslaryň tölegsiz hyzmaty hem  ýola goýuldy. Maňa hem mekdep uçurymy hökmünde ilkinji  bolup, şeýle ýolagçy  awtobusynda Aşgabada gezelenç etmek bagty miýesser etdi. Bu diýseň buýsandyryjy waka, sebäbi Aşgabadyň goýnunda okap, uçurym bolup, onuň toý gününiň hakyky şaýady bolmak bu  bagtlylykdan nyşan.  Şu pursatdan peýdalanyp, men hem  öz gezegimde hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkymyzy ak şäherimiziň şanly 140 ýyllyk toýy  bilen  mähirli gutlaýaryn! Goý, halkymyzyň asudalygy, ak şäherimiz Aşgabadyň gülläp ösüşi ugrunda ägirt uly tagallalar edýän mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýärin!

-Aýlar siz bize Aşgabadyň toý gününe sowgat edilen täze ýolagçy awtobuslar bilen baglanyşykly ýürek buýsanjyňyzy aýdyp beräýseňiz?

– Elbetde, Aşgabatyň täze ýaş toýunda onuň ajaýyp köçeleriniň ýollarynda täze ýolagçy awtobuslaryny görmek kalbyňy joşdurýar. Şu gün ir säher bilen halkymyza hyzmat edip başlan awtobuslar Aşgabadyň waspyny ýetirýän “Ak şäherim – bagt şäherim”, “140 ýyllyk ýaşyň gutly bolsun, Aşgabat” ýaly  ajaýyp setirler bilen bezelipdir. Olaryň her biri toý buşlukçysy ýaly, şäheriň waspyny ýetirýär. Bu bolsa aşgabatly ýaşaýjylarymyza ak şäherimiziň toý gününe aýratyn üns berip, gezlenç guramaklaryna ýardam berýär. Goý, halkymyza şatlykly pursatlary peşgeş berýän Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Söhbetdeşligi ýazga geçiren: Gözel EMINOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara     

       žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.   

                              

 

«Akylly» ekerançylyk boýunça hyzmatdaşlyk

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary – ýurduň geljegi

Bitarap Diýara Täze ýyl geldi!

«Magtymguly — dünýäniň akyldary» – gymmatly gollanma

«Hakyda göwheri» – gymmatly hazyna

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri